Ýurduň DIM-inde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Türkmenistanyň wekilleriniň Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynda tejribe geçmek meselesine seredildi.
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabda 22-nji ýanwarda iş sapary bilen geldi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly bir topar meseläni ara alyp maslahatlaşdylar diýip, ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Şeýle-de şu ýyl Merkezi we Gündogar Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygynyň maksatlaýyn toparynyň 15-nji mejlisi (RECCA) geçiriler.
Urban Rusnak 2014-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy we prezident şonda Türkmenistanyň global energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanylýan bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Energetika Hartiýasy Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen syýasy jarnamabolup, oňa 1991-nji ýylda gol çekildi. Energetika Hartiýasynyň halkara guramasynyň Sekretariaty Brýusselde ýerleşýär.
