Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy

Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy

1. LC Waikiki Balkanabatda, Türkmenbaşyda we Maryda öz dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär. 13-nji maýda Aşgabatda onuň ilkinji resmi dükany açylypdy.

2.Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky bankomatlaryň sany boýunça statistikasyny köpçülige ýetirdi. 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda şeýle enjamlaryň 2 müň 152 sanysy hereket edýär.

Aşgabatda bankomatlaryň tory has ösendir, hünärmenler bu ýerde 453 sany enjam sanadylar. 3. 9-njy awgustda TSTB-niň işewürlik merkezinde iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirildi.Birleşmeden jemi 45 sany hususy kärhana we hojalyk jemgyýetleri gatnaşdylar. 4.

Mary welaýatynda ýerleşýän Baýramaly şypahanasy Türkmenistanyň iň meşhur sagaldyş merkezleriniň biridir.Galyberse-de, ol Merkezi Aziýada we Ýewropada böwrek kesellerini klimatoterapiýanyň esasynda bejerýän ýeke-täk şypahanadyr. 5.Astrahanda OperaFirst 2022 festiwalynyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň medeniýet günleri geçiriler.

Türkmenistanyň güni 7-nji sentýabrda göz öňünde tutulyp, onuň konsert meýilnamasy pianist Mamed Guseýnow we opera aýdymçysy Darýa Guseýnowa tarapyndan taýýarlandy. 6.Her gün maşgala, iş, öýüň aladalary bilen başagaý bolup, haçan soňky gezek joraňyz bilen duşuşandygyňyzy hem ýatdan çykarýarsyňyz.

Dostlukly gatnaşyklar psihiki we beden saglygyňyza oňaýly täsir edýändir.Bu makalada näme üçin ähli aladalary bir gyra süýşürip, geljek dynç güni joralaryňyz bilen duşuşmalydygyňyzy görkezýän 5 sany sebäp toplandy.

7. Ýaponiýanyň Hökümetiniň ähli agzalary işden çykdylar.Häzirki premýer-ministr Fumio Kisida saýlawçylaryň goldawlarynyň peselmeginiň öňüni almak we öňki premýer-ministr Sindzo Abeniň ölüminden soň dawalaryň merkezinde galan Birleşme ybadathanasy atly dini gurama bilen hökümetiň arasyndaky aragatnaşygy bütinleý kesmek üçin Ministrler Kabinetiniň düzümini täzelemegi maksat edinýär. 8.

Meşhur fransuz modalar öýi Dior Golliwud aktýory Jonni Depp bilen hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikeltdi.Karib deňziniň garakçylary filminiň ýyldyzy eýýäm meşhur fotoçy Greg Wilýamsyň fotosessiýasyna gatnaşdy.Jonni Depp bir ýylyň dowamynda erkekler üçin niýetlenen Sauvage atyrynyň ýüzi bolar. 9.

Türkmenistanyň wekiliýeti Konýada geçirilýän Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň açylyş dabarasyndaky ýörişe gatnaşdy.Türkmen toparynyň baýdak göterijisi agyr atletikaçy Hojamyrat Toýçyýew boldy. 10. Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty 2022-niň 3-nji tapgyry başlanýar.

Köpetdag öz meýdançasynda Balkanabadyň Nebitçisini kabul eder.Duşuşyk sagat 19:00-da başlanar.Anna güni Türkmenbaşydaky esasy duşuşykda bolsa Şagadam we Altyn asyr güýç synanyşarlar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Garaşsyzlygyň merjen däneleri döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler, Türkmenistan we Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler, türkmen kinematograflar topary Türkiýä gider we beýleki habarlar
Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy
Türkmenistanda iň edermen alabaý saýlanyldy, Moskwadan Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi köpçülige ýetirildi, Aşgabatda Saz, ruh, kino! atly konsert geçiriler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda