Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň suw (indi tölegli) problemalary dowam edýär

Türkmenistanda tomsuň başynda ilata döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikleriň ählisini, şol sanda mugt suw üpjünçiligini hem ýatyrdylar we ilatdan öz hasaplaryna suw ölçeýji oturtmagy talap edip başladylar. Şeýle-de öý-jaý uprawleniýelerinde suw ölçeýji oturtmadyga zerur bolan dokumentleri bermegi bes etdiler.

“Türkmenistanyň Hronikasyna” ilatdan 2016-njy ýyldaky suw üpjünçiligi üçin hem töleg tölenmeginiň talap edilýändigi mälim boldy, ýogsa prezident ýeňillikleri ýatyrmagy 2017-nji ýylyň iýunynda buýrupdy.

Bellemeli ýeri, bu töleg artykmaç ulanylan suw üçin däl, eýsem suw ulanylandygy üçin talap edilýär.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň ilatynyň suw üpjünçiligi zerarly görýän kösençlikleri dowam edýär.Aşgabatda sowuk suw diňe elita etraplarynda gije-gündiz akýar.Ol ýerde gyz suw üpjünçiligi hem bar.

Emma adaty etraplarda diňe sowuk suw akýar we ol jaýyň ýokarky gatlaryna çykmaýar.Suwkanal edaray bu hili problemalary çözmeýär, şu sebäbpden adamlaryň özleri nasos satyn almaly ýa-da üýşüp pul ýygnap, könelen turbalary çalyşmaly bolýar.

Beýleki şäherlerde sowuk suw gije-gündiziň dowamynda birnäçe gezek berilýär. Mysal üçin, Maryda bir etrapda suw hemişe akýar, beýleki etraplarda irden, günortan we agşam birnäçe sagat akdyrylýar.

Krasnowodskda, şäheriň ýaşaýjylarynyň biriniň gürrüň bermegine görä, suw günde iki gezek agşam 18.00-dan 20.00-a çenli, käte 22.00-a çenli berilýär.Suwuň basyşynyň pesligi zerarly, köplenç suw ýokarky gatlara çykmaýar.

Suwuň günaşadan berilýän wagty hem az däl, şu sebäpden şäherde her jaýyň ýanynda diýen ýaly suw üçin onlarça bak goýlan (ýerde we ýerden gazylyp edilen).

Adamlar şäheriň suw-kanal edarasynadan turba çekip, baklary suwdan doldurýarlar, soň ol bakdaky suwy nasos bilen kwartira ugradýarlar.

Bak alyp, oňa nasos dakmaga gurbaty çatmaýan adamlar suw ätiýaçlygyny öýde edinýär. Suwuň basyşy pes bolansoň, ol ikinji gata hem çykmaýar. Onsoň adamlar suwy birinji gatdaky goňşularyndan baklažkalar ýa bedre bilen alyp, ýokaryk, öz jaýlaryna alyp gidýärler hem-de wannada ýa başga bir gapda birnäçe gün oňar ýaly suw saklaýarlar.

“Suw üpjünçiligi şäheriň iň wajyp problemalarynyň biri bolup durýar. Adamlar gaharlanýarlar. Şäheriň alkymyndaky Awazany gurdular, emma ilaty suw bilen üpjün edip bilenoklar. Mundanam başga, şäherde ýygy-ýygydan togy öçürýärler, gapdaljygymyzda bolsa gije-gündiz lowurdap duran syýahatçylyk toplumlary bar” diýip, şäheriň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Obalardaky suw üpjünçilik meselesi has-da ýiti durýar. Posýoloklaryň ýaşaýjylary suwy golaýdaky şäherlerden sargap, puluna getirdýärler.

Şäherlerden suwy ýörite suw çekýän maşynlarda getirýärler we ýörite taýynlanan guýulara ýa rezerwuarlara guýýarlar, soň suwy ol ýerden bedreläp alýarlar. Adamlar esasan birnäçe goňşy bolup, umumy guýy gurdurýar we suw getirilende, suw çekýän maşynyň hakyny bileleleşip töleýär. Bir maşyn suw getirdeniň üçin 100 manat (“gara bazarda” $15) pul tölemeli.

Ýene degişli makalalar

Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Hazaryň suwy çekilýär, Aşgabadyň daşky gurşaw aladalary artýar
Uzak aralyga gatnaýan awtobuslaryň 'gaty utandyrýan' kemçiligi bar
Prezidentiň Türkmenbaşy şäherine saparyndan öň ýaşaýyş jaýlaryndaky hemra antennalary sökülýär
Türkmenistan Türkmenbaşyda $2 milliardlyk port açmagy planlaşdyrýar