Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty ylmy makalalaryň nobatdaky 10-njy ýygyndysyny çapa taýýarlap, neşir etdi.
Ýygyndy soňky ýyllarda institutyň alymlary, hünärmenleri we aspirantlary tarapyndan geçirilen gözleglerdir seljermeleriň esasynda alnan netijeleri beýan edýän ylmy makalalary öz içine alýar.
Mundan başga-da, ýygynda Himiýa institutynyň pudaklaýyn ylmy-derňew institutlary, ýokary okuw mekdepleri we ýurduň senagat kärhanalary bilen bilelikde geçiren ylmy agtaryşlarynyň netijelerini beýan edýän makalalar hem girizildi.
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy makalalary her bir okyjyny gidromineral, mineral, uglewodorod we ýurduň beýleki tebigy baýlyklaryny düýpli gaýtadan işlemegiň ylmy esaslary, şeýle hem önüm almak üçin zerur tehnologiýalaryň işlenip düzülişi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem ýygynda kärhanalaryň ulanýan daşary ýurt çig mallaryny ýerli çig mal bilen çalyşmak boýunça işleýän zawodlar, olaryň ekologik ýagdaýyna baha bermek, esasy önümiň ýany bilen çykýan önümlerdir galyndylaryň ulanylmagy, lagym suwlaryň ulanylyşyna gözegçilik etmek we önümçilikde kükürdiň ulanylyşyny artdyrmak hem-de beýleki möhüm meseleler girizilipdir.
Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.
Şu ýyl Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda geçirilen ylmy we seljeriş işleriniň netijelerine görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan Üýtgedilen kükürt çykarmagyň usuly 870, Antibakterial häsiýetleri ýodly serişde — ýodimala almagyň usuly atly oýlap tapyş bolsa 895 belgili patent bilen hasaba alyndy.