Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi üçin Owganystandan hoşallyk hatlary geldi

Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi üçin Owganystandan hoşallyk hatlary geldi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Owganystandan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Türkmenistan gazetiniň habar bermegine görä, Owganystandan gelen hoşallyk hatlarda owgan halkyna iberilen nobatdaky ynsanperwerlik kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, harytlar hem-de azyk önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana iberildi.

Bu ynsanperwerlik ýüküniň goňşy ýurda gelip gowuşmagy mynasybetli Owganystanyň DIM-niň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Möwlewi Aminulla Sadyk, Farýab welaýatynyň häkiminiň orunbasary Möwlewi Hamidulla Erşad, Adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça döwlet ministrliginiň Üpjünçilik departamentiniň başlygy Möwlewi Ahmad Şah Zahin, Owgan türkmenleriniň yslam raýdaşlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Amanullah Hakýar hatlarynda owgan halkyna berilýän yzygiderli kömek we ýardam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar bolmagyna Türkmenistanyň ägirt uly goşant goşýandygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Häkimiýet baştutanlary: Duşmanlar bitewi Eýrany öz bähbitlerine howp hökmünde görýärler
Sedigi: Eziji dünýäsi, ulumsylyk dünýäsi, Amerika, Sionizm we Takfir fronty hakykat we adalat bilen çözüp bolmajak söweşi alyp barýar
Amir Abdollahian: Ýewropa Bileleşigi gyssagly syýasy çäre görse, oňa jogap bereris
Yslam rewolýusiýasynyň mertebesi belent Ýolbaşçynyň daşary ýurtlardan Eýrandaky bidüzgünçilikleriň meýilleşdirilýändigi nygtamaklary