“Türkmennebit” üpjünçileriniň birin dört ýyl bäri $8,5 million bergisini töläp bilmeýär

“CIS Debt Recovery Solutions” kompaniýasynyň wekili “Türkmenistanyň Hronikasynyň” websaýtynyň redaksiýasy bilen habarlaşyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň I.C. Intercomplect Ltd. kompaniýasynyň öňündäki bergi-borjy barada habar beri.

“Problema şunda, DK (döwlet konserni) dördünji ýyldyr biziň müşderimize ol ýa-da beýleki düýpli sebäp bolmazdan özüne iberilen haryt üçin tölemeli tölegini tölemeýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylary her edip, hesip edip, öz borçlaryny ýerine ýetirmekden gaça durýarlar” diýip, kompaniýanyň wekili aýtdy.

Berginiň möçberi $8,5 milliondan gowrak.

Bu meseläniň anyk maglumatlaryny we dokumentlerini TAH saýtyndan tapyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

“Türkmennebit” bäş ýyldan gowrak wagt bäri potratçysy bilen hasaplaşyp bilmeýär
Mary: býujet edaralarynda öz islegi bilen işden çykýan köpelýär
Bergili çykan daýhanlar günebakar ekýär, telekeçilerden ýollary bejermek talap edilýär
Diňle: Bergili daýhanlara günebakar ekdirýärler, telekeçiler 'ýol ýamaýar'
Gaz, tok, suw töleglerini gijikdiren ýaşaýjylaryň işi kazyýete geçirilýär
Diňle: Bergili ýaşaýjylaryň işi kazyýete geçirilýär