Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz

Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz

Ýylyň ahyrynda, adatça, onuň jemi jemlenýär, şol sanda jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegler hasaplanýar. Häzirki wagtda munuň üçin kän wagt we zähmet gerek däl. Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýurduň islendik ilatly nokadynda ýerleşýän bölümine barmak ýeterlikdir. Olarda döwlet hyzmatlary üçin tölegleri tölemek üçin ähli şertler döredilendir.

Şeýle hem bu maksatlar üçin öýüňizden çykman, Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar atly köpugurly ykjam programmasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz.

Çapar ykjam programmasynyň kömegi bilen gaz, suw, elektrik energiýasy üçin tölegleri, şeýle hem Älem TV emeli hemra teleýaýlymynyň we Belet Film onlaýn kinoteatrynyň töleglerini tölemek, öýjükli hem-de öý telefonlarynyň, internetiň, kabel telewideniýesiniň, IPTV-niň balanslaryny doldurmak we beýlekiler mümkindir.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenpoçta ilata hödürlenýän häzirki zaman hyzmatlaryny kämilleşdirmek we işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şol sanda Çapar ykjam programmasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işi barada has giňişleýin maglumaty guramanyň resmi saýtynda, 075 gysga belgä jaň edip, şeýle hem Google Play-de we AppStore-da ýükläp almak üçin elýeterli bolan Çapar ykjam programmasyndan alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Çapar ykjam programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazdan uçuşlaryň peteklerini satyn almaga mümkinçilik berýär
Çapar ykjam programmasynyň ulanyjylaryna Türkmenistandaky ähli guramalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary elýeterlidir
Indi Çapar ykjam programmasy arkaly Türkmenistandaky Aydym.com aýdym-saz portalyna ýazylmagyň tölegini tölemek mümkin
Gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý
Türkmenpoçtanyň täze hyzmaty türkmenistanlylara ýurduň medeni durmuşy bilen tanyşmaga we dynç alşy guramaga kömek eder