Türkmenpoçtanyň çaparçylyk hyzmaty bilen wagtyňyzy we güýjüňizi tygşytlaň

Türkmenpoçtanyň çaparçylyk hyzmaty bilen wagtyňyzy we güýjüňizi tygşytlaň

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy döwrebap çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat birnäçe tapawutly aýratynlyklary sebäpli ýurduň ýaşaýjylarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýar.

- ýokary derejede amatlylyk: munda iberijiniň poçta bölümine barmagynyň zerurlygy ýok — çapar ýollamany özi alyp, eltmeli salga gowşurýar.

- wagtyň tygşytlanmagy: ýollamasy tejribeli hünärmenleriň ygtyýarynda mahaly, müşderiler öz has möhüm işleri bilen meşgul bolup bilerler.

- howpsuzlyk: ýörite taýýarlygy bolan çaparlar özlerine ynanylan ýollamalaryň howpsuzlygy üçin doly jogapkärçilik çekýärler.

- goşmaça mümkinçilikler: ýüz tutmak bilen goşmaça degişli hyzmatlary ulanmak mümkinçiligi.

Gapydan-gapa çaparçylyk hyzmaty wagtyň gymmatyna ähmiýet berýän we ýollamalary ugratmagyň we almagyň amatly usullaryndan peýdalanmak isleýän her bir adam üçin oňaýlydyr.

Çapary birnäçe usul arkaly çagyryp bilersiňiz:

Kompaniýanyň post.tm resmi web saýty arkaly

(+993 12) 92 14 95 telefon belgisine jaň etmek bilen

ÇaparPay mobil goşundysyny ulanyp (Android we iOS üçin elýeterli)

Türkmenpoçta-nyň hyzmatyndan peýdalanyň we ýokary derejeli çaparçylyk hyzmatynyň tapawutly artykmaçlyklaryna baha beriň.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta işewürler we hususyýetçiler üçin çaparçylyk hyzmatyny ýetirýär
Türkmenpoçtanyň çaparçylyk hyzmaty: Täze ýyl sowgatlaryny ugratmak üçin oňaýly hyzmat
Türkmenpoçta kompaniýasynyň gapydan-gapa çaparçylyk hyzmatynyň artykmaçlyklaryna baha beriň
Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Türkmenpoçta ýükleri ýollamak hyzmatynyň nyrhnamasyny arzanlatdy
Türkmenpoçta Täze ýyl sowgatlaryny öz wagtynda eltip berýär