Türkmensitan TOPH-yň howpsuzlygy barada aladalanýar

Türkmensitanyň daşary işler ministri Reşid Meredow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystana eden sapary barada hasabat berdi.

Kabulda Türkmenistandan gelen delegasiýany prezident Aşraf Gani kabul etdi. “Тренд” habar gullugynyň maglumatyna görä, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji proýektiniň gurluşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle-de elektrik geçiriji liniýalaryň we demir ýoluň gurluşygynyň howpsuzlygy barada maslahat etdiler.

“Гундогар” habar saýtynyň maglumatyna görä, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hyrat, Badhyz, Farýap, Jowuzjan we Balh welaýatlarynda “Talyban” hereketiniň we “Yslam döwleti” toparynyň söwejileri bilen ýerli milisiýa toparlarynyň arasynda bolýan ýaragly çaknyşyklar barha ýygjamlaşýar.

“Farah, Helmend we Kandahar welaýatlarynda agyr ýagdaý emele gelýär. Türkmenistanyň eýýäm gurmaga başlan TOPH ( Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) geçirijisiniň turbalary hut şu ýerlerden (şeýle-de Hyrat welaýatyndan) geçmeli” diýip, neşir belleýär.

5-nji maýda, Türkmensitanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Maksat Babaýew gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň grafik boýunça alnyp barylýandygyny habar berdi. Gaz geçirijiniň beýleki ýurtlaryň territoriýasyndaky gurluşygyna entek başlananok.

ТДХ döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, türkmen tarapy proýektiň Owganystanyň we Pakistanyň territoriýalaryndaky deslapky taslamalarynyň düzülmegi boýunça hyzmat etmegi üçin ILF Beratende Ingenieure GmbH german kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Plana kaýyklykda, gaz geçiriji 2019-njy ýylda işe girizilmelidi, emma soňra hindi metbugatynda TOPH-yň açylyşynyň bir ýyl yza süýşýändigi, sebäbi türkmen tarapynyň bellenen möhletde maýadarlary tapyp bilmändigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

15.09.2017 | Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
15.09.2017 | Türkmenistan “TOPH” gaçgeçirijisiniň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýar
Türkmenistan TOPH-y 2019-njy ýylda işe girizmekçi, ýogsa ozal onuň 2020-nji ýylda tamamlanjagy aýdylypdy
Türkiýe we Siriýa ýertitremelerinde diri galanlaryň haýran galdyryjy taryhlary
Berat Albaýrak Germaniýada saparda bolýar
Berat Albaýrak Hytaýda saparda bolýar