TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň Döwlet kitaphanasyna myhmançylygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary S.Raýew myhmançylykda boldy.Myhman Döwlet kitaphanasynda duz-çörek bilen garşylandy we kitaphana gezelenç etdiler.

Soňra, olar kitaphanada bölümleriň alyp barýan işleri we türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergi, ýazyjy-şahyrlaryň hem-de hemişelik, wagtlaýyn durýan kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary S.Raýew “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde hem-de “Seýrek neşirler” bölüminde gezelençde bolmak bilen, seýrek neşirler bölüminde iň gadymy neşirler bilen hem tanyş boldylar.

Gezelenjiň dowamynda myhman Döwlet kitaphanasyna “Türk dünyası geleneksel çocuk oyunları” atly kitaby sowgat berdi. Öz gezeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretaryna hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly gymmatly kitaby sowgat berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen şeýle ajaýyp çäreleriň, gezelençleriň gurnalmagy ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly ýardam berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Sultan Raýew: Türkmenistanda milli senede tüýs ýürekden sarpa goýulýar
Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy
Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri