TULM Türkiýeden Owganystana iberilýän ynsanperwerlik kömegini daşamagy dowam etdirýär

TULM Türkiýeden Owganystana iberilýän ynsanperwerlik kömegini daşamagy dowam etdirýär

Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasyndan Owganystana ynsanperwerlik ýükleriň yzygiderli daşalmagyny dowam etdirip, gatnawlaryň möçberini barha artdyrýar.

2024-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlaryndan bäri kompaniýa Biçerowa stansiýasyndan (Izmir welaýaty, Türkiýe) Türkmenistanyň iň iri infrastruktura merkezleriniň biri bolan Etrek stansiýasynyň üsti bilen ösümlik ýagy ýüklenen wagonlary kabul edip gelýär. Bu stansiýada ýükler türk wagonlaryndan düşürilip, ol GDA-nyň wagonlaryna geçirilýär we soňra Owganystanyň Haýraton we Turgundy stansiýalaryna iberilýär.

Bellemeli zat, Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2021-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlaryndan bäri Türkiýäniň dürli stansiýalaryndan iberilýän ynsanperwerlik ýükleri Etrek stansiýasynda kabul edip, düşürme ýükleme işlerini amala aşyrýar. Kompaniýa geljekde hem Etrek stansiýasynyň şu maksatlar üçin bar bolan mümkinçiliklerini ulanmagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Fijital we kibersport görnüşlerinden geçirilen ýaryşlaryň netijeleri belli boldy
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlamasynda Indoneziýa we Taýwan bilen oýnar
Türkmenistan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrýar, Gazagystan türkmen-owgan serhedinde galla terminalynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar
Türkmenistanyň U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler