Tunjelide PKK-nyň Gaçybatalgalary we Tälim Merkezleri Hatardan Çykaryldy

Tunjeli welaýatynda geçirilýän “Eren Gabaw Güýz-Gyş-13” operasiýasynyň çäginde terror guramasy PKK-nyň gaçybatalgalary we tälim merkezleri hatardan çykaryldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, Tunjeli merkez-Bali çaýy bilen Owajyk Aslyja etrapçalarynda iki operasiýa geçirildi.

Milli howpsyzlyk gullugynyň goldaw bermeginde geçirlen operasiýada Owajykda terrorçylara degişli 14 gaçybatalga tapyldy.

Bali çaýy etrapçasynda hem terror guramasy PKK-nyň tälim merkezi tapyldy.

Oprasiýada terrorçylara degişli 14 gaçybatalga bilen tälim merkezi hatardan çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy