Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi

Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi

Türkiýedäki flagman Turkish Airlines awiakompaniýasy 2023-nji ýylda 83,4 million ýolagçy gatnadyp täze rekord goýdy. Bu 2022-nji ýyldakydan 16,1 göterim köpdür.

Geçen ýyl halkara ýolagçy gatnawy 27,1 göterim artyp, 29,8 million adama ýetdi. Mundan başga-da, awiakompaniýanyň uçarlarynyň sany 440-a ýetdi. Geçen ýyl olaryň üsti täzeleriniň birnäçesi bilen ýetirildi.

Awiakompaniýa Stambulda köp sanly amatly uçuşlary hödürleýär. Munuň özi awiakompaniýanyň müşderilerine iş sapary bolsun, köpden bäri garaşylýan dynç alyş bolsun ýa-da dostlaryňyza we garyndaşlaryňyza baryp görmek üçin dünýäniň islendik ýerine çalt we aňsatlyk bilen baryp bilmek mümkinçiligini berýär.

Uçuşlaryň şeýle giň görnüşi we Stambulda amatly merkeziň ýerleşmegi bilen syýahatçylar syýahatyny aňsatlyk bilen meýilleşdirip bilerler. Esasan hem Stambulyň üstaşyr uçuşlar üçin has amatlydygyny aýtmak gerek.

Awiakompaniýanyň Aşgabat ― Stambul ― Aşgabat aralygynda hem amatly uçuş tertibini hem hödürleýändigini bellemelidiris. Hepdede amala aşyrylýan 11 uçuş ýolagçylara petek bron edeninde saýlaw we çeýeligi üpjün edýär.

Turkish Airlines-iň uçuşlaryna petekleri awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan, şeýle hem Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesiniň 39-njy jaýynda ýerleşýän Ussat binasyndaky satuw edarasyndan alyp bilersiňiz.

Telefon: (+993 61) 01 44 33. E-poçta: askabatbıletsatıs@thy.com.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Armenian Airlines Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
100 uçar sargyt etdi
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar
Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Belgiýanyň “Challenge Airline” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär