
1.Turkish Airlines noýabr aýynda Türkmenistana dowamly ýolagçy gatnawlarynyň dikeldilýändigi hakyndaky habary tassyklady. Kompaniýamyzyň direktorlar geňeşi bazaryň mümkinçilikleriniň we şertleriniň netijeleri esasynda Kirkuk (Eýran) we Türkmenbaşy (Türkmenistan) şäherlerine dowamly howa gatnawlaryny açmak çözgüdini kabul etdi diýlip, awiakompaniýanyň habarynda bellenilýär.
2.Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda içinde daşary ýurt attraksionlary bolan Çagalar dünýäsi atly döwrebap medeni-dynç alyş merkezi gurlar. Şonuň bilen baglylykda, Lebap welaýat häkimligi merkeziň taslamasyny düzmek, desgalaryň gurluşygy we onuň üçin attraksionlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.
Iň gowy etrap adyny almak ugrundaky bäsleşik Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. 2021-nji ýylda bu derejä Lebap welaýatynyň Dänew etraby mynasyp boldy.Etrap $1 mln möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.
3.Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde “Organiki bakjalyk we onuňekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi.Ony açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi hökmünde Türkmenistan tarapyndan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär.
Oňa oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeni gatnaşdy.Foruma bu üstünligi resmileşdirmek üçin Türkmenistana gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.
4. Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär. Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022 atly halkara maslahatyň çäklerinde SOCAR-yň prezidenti Rowşan Najaf türkmen tarapy bilen duşuşyk geçirdi, onda tebigy serişdeleri daşamak mowzugy, şeýle hem kompaniýanyň Türkmenistanda ofisini açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
5. Türkmenistanly meşhur aýdym-saz topary Güneş türki halklaryň Gündogar bazary Kazanda atly birinji Halkara estrada festiwalynyň gala-konsertine gatnaşdy. Güneş toparynyň çykyş edýän pursatynda arka tarapda bezeg-sahna görnüşlerinde türkmen milli şaý-sepleri, gölleri, taryhy-medeni künjekler görkezildi.
6. Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek möwsümi ýakynlap gelýär, ol ýurtda ýylda iki gezek ýazyň başynda we güýzüň ahyrynda geçirilýär. Güýzki möwsümde yssy we gurak gurşawda ösmäge ukyply çöl ösümliklerine aýratyn üns berler. Şeýle ösümlikler Garagumdaky turbageçirjiler, elektrik geçiriji ulgamlar, awtomobil we demir ýol geçelgeleri ýaly strategik desgalaryň töweregindäki süýşýän çägeleri saklaýarlar.
7. Şu gün Aşgabadyň sergiler merkezinde Türkmen alabaýy wepalylygyň we edermenligiň nyşanyatly nakgaş we fotosurat işleriniň sergisi açyldy. Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan gözden geçiriş Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan guraldy.
8.RŽD Logistika kompaniýasy Türkmenistanyň ulag düzüminden peýdalanmak arkaly Demirgazyk Günorta geçelgesiniň gündogar gury ýer şahasy boýunça Russiýadan Eýrana doly düzümli konteýner otlularyny daşamak işine girişdi. Çehow demir ýol stansiýasynyň düzümi (Moskwa oblasty, RF) Gazagystanyň çäginden Sarahs (Türkmenistan) stansiýasyna çenli üstaşyr geçer, olu ýerde bolsa konteýnerler gaýtadan ýüklenerler, soňra Bender-Abbas portuna çenli Eýranyň çäginden geçer, ondan aňyry bolsa bellenen nokada çenli deňiz üsti bilen gider.
9. Apple 16 dýuýmlyk äpet iPad taýýarlaýar. Göwrüminden çen tutsak, täze enjam Kupertino tehnologiýa ägirdi tarapyndan häzire çenli öndürilen iň uly planşet bolar. Onuň 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde çykmagyna garaşylýar. Üstünde işlenilýän täze enjam, esasan, grafika dizaýnerleri we suratkeşler ýaly döredijilik işgärleri üçin niýetleniler, çünki olar üçin uly ekran bilen işlemek has ýeňildir.
10. Täze Zelandiýanyň maori işleri boýunça komiteti ýurduň resmi adyny Maori Aotearoa diýip üýtgetmek hakynda petisiýany ara alyp maslahatlaşdy. Bu reminama Täze Zelandiýanyň 70 müňden gowrak ýaşaýjysy gol çekdi. Aotearoa sözi uzyn ak buludyň ýurdy diýmegi aňladýar.