Turkish Airlines uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy

Turkish Airlines uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy

Türkiýäniň milli howa gatnadyjysy dünýäniň iň köp ýurtlaryna uçýan awiakompaniýa hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Degişli güwänamanyň gowşurylyş dabarasy awiakompaniýanyň Çilä amala aşyran ilkinji uçuşyndan soň, Santiago Arturo Merino Benites halkara howa menzilinde geçirildi.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň şertlerine laýyklykda, Turkish Airlines soňky 12 aýyň dowamynda rekord derejedäki 120 ugra howa gatnawyny amala aşyrdy. Wagtlaýyn togtadylan gatnawlar we Çili döwletine bolan täze uçuş hasaba alnanda, awiakompaniýanyň umumy gatnaw ulgamy 131 ýurdy öz içine alýar.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň 2012-nji ýyldan bäri uçuşlarynyň geografiki gerimi boýunça dünýäde öňdeligi eýeländigini, häzirki wagtda bolsa bu netijäniň Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilip, resmi taýdan ykrar edilendigini bellemelidiris.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar
Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
Dubaýda awiasergi badalga berildi
Turkish Airlines türkmenistanlylary syýahat etmäge çagyrýar
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Turkish Airlines ähli gatnawlarda tölegsiz çäksiz Wi-Fi ulgamyny üpjün etmegi meýilleşdirýär