Turkmenportal bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi

Turkmenportal bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi

Şu gün Turkmenportal habarlar portaly Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanda we beýleki ýerlerde BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdi.

BMGÖM-niň Türkmenistanda wekili Narine Saakýan Aşgabatda geçirilen gol çekişlik dabarasynda: Türkmenportal bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek, iň möhüm ösüş meseleleri we durnukly geljegi gurmaga gönükdirilen BMGÖM-iň alyp barýan işleri barada has köp adamyň habarly bolmagyna kömek eder diýip umyt edýäris diýdi.

Türkmen tarapynyň wekilleri hem öz gezeginde Turkmenportalyň 2011-nji ýylda döredilen gününden bäri Durnukly ösüş maksatlary boýunça esasy gymmatlyklara eýerýändigini we hem metbugat serişdesi, hem-de ösüşiň goldawçysy hökmünde ýurduň sanly ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýandygyny bellediler.

Habarlar portalynyň wekilleri BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy bilen umumy maksatlara ýetmek üçin toplanan tejribäni ulanmak mümkinçiligimize şatdyrys diýip, bu hyzmatdaşlygyň geljegine bil bagladylar.

Ähtnama sanly özgerişler, şol sanda innowasiýa çözgütlerini işläp düzmek we durmuşa geçirmek, ýerli jemgyýetleriň sanly özgerişlerdäki mümkinçiliklerini güýçlendirmek, sanly tehnologiýalar ulgamynda ilatyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak we gender deňligi ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Jerimeleriň bahasy ýokarlany, polisiýa işgärleri üçin jerime plany kesgitlendi
Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi geçýär, ulag hereketi bölekleýin çäklendirilýär
Türkmenaragatnaşyk agentligi Ak şäherim Aşgabat sergisinde gazananlaryny görkezýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler