Turkmenportal mobil programmany täzeledi köne nusgany öçüriň we täze nusgany gurnaň

Turkmenportal mobil programmany täzeledi  köne nusgany öçüriň we täze nusgany gurnaň

Turkmenportal saýtynyň mobil programmasy nobatdaky gezek täzelendi. Işläp düzüjiler onuň dizaýnyny kämilleşdirdiler, käbir ýalňyşlyklary düzedip, Bildirişler, Ýörite makalalar we TSTB atly täze bölümleri goşdular.

Ozal Turkmenportal-da adaty ulanyjylaryň bildirişlerini diňe saýt arkaly görüp bolýan bolsa, indi olar mobil nusgada hem görmek üçin elýeterli boldy.

Käbir smartfonlarda mobil programmanyň awtomatiki usulda täzelenip bilmezligi mümkin. Şonuň üçin Türkmenistandaky möhüm täzelikler barada habarly bolmak üçin köne nusgany öçürip, täzesini Google Play ýa-da App Store arkaly göçürip almagyňyzy maslahat berýäris.

Mobil programmanyň täzelenmegi iň amatly ulanyjy tejribesini üpjün eder we döwrebap push-habarnamalarynyň kömegi bilen, ýurduň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary öz wagtynda öwrenmäge kömek eder.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde gynanç kitaby açyldy
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi geçýär, ulag hereketi bölekleýin çäklendirilýär
Türkmenaragatnaşyk agentligi Ak şäherim Aşgabat sergisinde gazananlaryny görkezýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler
Aşgabatda Gallery&Café by Durdy Bayramov atly ilkinji kafe-galereýasy açyldy