Tussag edilen ýaşaýyş jaý gaznasynyň işgäri Atajan kim?

Tussag edilen ýaşaýyş jaý gaznasynyň işgäri Atajan kim?

22-nji iýunda garaşsyz neşir turkmen.news Aşgabatda ýaşaýyş jaý paýlanyşyna jogapkär bir resminiň tussag edilendigi barada habar berdi. Neşirde öňki prezidentiň aýal doganynyň howandarlygyndan peýdalanýan wezipeli adamyň ýaşaýyş jaý almak isleýänlerden para ýygnamakda gümän edilýändigi habar berildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri agzalan wezipeli adamyň şahsyýeti we alyp baran işleri bilen baglanyşykly käbir maglumatlary anyklady.

Habarçylaryň aýtmagyna görä, tussag edilen resmi Atajan Hanow jogapkärçilikden sypmak ukyby bilen tanalýar. Resminiň ozal birnäçe gezek tussag edilendigi, ýöne her gezek çykyp, işini dowam etdirendigi belli boldy.

Çeşmeler Hanowyň adynyň, hususan-da, Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň köpçülikleýin ýykylmagy, on müňlerçe adamyň ýaşaýyş jaýlary ýykylansoň, öýsüz galmagy we olara täze ýaşaýyş jaýyny bermek hem-de ýitiren emläginiň öwezini dolmak wadalarynyň berjaý edilmändigi bilen bagly ýagdaýlara degişlidigine ünsi çekýärler. "Hanow Arkadag eýýäminiň bir figurasy bolup, müňlerçe adamy aldady we sözüň doly manysynda ähli zatdan peýda gördi.

Esasanam jaýlaryň ýykylmagynda baýady" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran çeşme aýtdy.

Garaşsyz neşir turkmen.news 22-nji iýunda çap eden maglumatynda şäheriň ýaşaýyş jaý müdirliginiň başlygy Atajan atly adamyň ýaşaýyş jaýy üçin para almakda güman edilýändigini habar berdi. Habarda onuň familiýasy agzalmaýar.

"Aşgabatda jaý almak üçin nobata durmaly, käte birnäçe ýyllap nobatda garaşmaly. Çeşmelere görä, nobatda öňe süýşmek üçin Atajana para bermeli.Para berip, başga-da "oňaýlyklary" alyp bolýardy: halaýan ýeriňizde jaý ýa-da kwartira saýlap, penjireleriň amatly ugrda bolmagyny we ş.m." diýlip, neşiriň habarynda Atajanyň öýünde gözleg geçirilende köp mukdarda dollar we milli walýutanyň tapylandygyny habar berip, para almakda onuň gol astyndaky ýene dört adamyň hem güman edilýänigini ýazýar. "Olar eýýäm işden kowuldy, ýöne olaryň tussag edilip-edilmändigi barada habar ýok" diýip, türkmen.news ýazýar.

Azatlygyň çeşmeleri Atajan Hanowyň öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe paýtagtda baýan iň gurply resmilerden biri hasaplanýandygyny habar berdiler.

"Hanowa Arkadag döwrüniň iň baý resmilerinden biri diýilýärdi" diýip, çeşme aýtdy.

"Onuň saklanmagy möhüm bir waka, emmä naçe wagtlyk?" diýip, çeşme Atajan Hanowyň birnäçe gezek tussag edilendigini belläp, onuň hemişe ýene-de gaýdyp gelendigini aýtdy: "Ol birnäçe ýyl ozal tussag edilende köpler begendi, ýöne bu uzaga çekmedi, ol dabara bilen we täze işdäsi bilen girdejili ýere gaýdyp geldi. Hanowdan edilen şikaýatlaryň hiç biri, ýogsa olar köpdi, kanagatlandyrylmady".

Ýene bir çeşme öz tejribesine salgylanyp, Aşgabatda jaýlaryň köpçülikleýin ýumrulmagynda ilatyň çeken kynçylyklary bilen bagly ýagdaýda Atajan Hanowyň roly barada şeýle gürrüň berýär:

"Bir wagtlar, 5-8 ýyl ozal jaýlaryň köp ýykylan wagtynda adamlara arza ýazmaga kömek edipdim, şonda aýra we köpgatly jaýlaryň ýykylmagyndan köp girdeji gazanýan täsirli Hanow barada bilip galdym.

Jaýlar paýlananda kanun düýpden bozulýardy.Mysal üçin, jaý ýykylanda, demir ýol menziliniň golaýyndaky ýokary hilli iki otagly jaýyň ýerine, är-aýala Parahat-7 etrapçada gyssagly dikilen bir jaýda bir otagly öý berildi, onuň diwarlaryndan suw akýardy we heň döreýärdi, oňa garşy çäre görmek mümkin däldi.

Emma olara bir zat berlendigi bagtdy, köpüsi jaýsyz galdy. Şu wagta çenli hiç zat almadylar"- diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik eden ýyllarynda, şäher gurluşyk başlangyçlarynyň çäginde Aşgabatda müňlerçe ýaşaýyş jaýy ýykyldy, olaryň käbirleriniň ýerine kaşaň binalar guruldy, müňlerçe ýaşaýjy göçürildi.

Çeşmeleriň habaryna görä, jaýlar ýykylansoň öýsüz-öwzarsyz galan köp adam bar.Köpüsi dürli häkimiýetlere ýüz tutup netije gazanyp bilmedi: "Olar jogap tapmadylar, ýa-da degişli edaralaryň "tasiri astyna düşdi", olara gözegçilik etdiler we iş ýerinde köşeşmegi hem-de başga ýere ýazmazlygy maslahat berdiler.

Hut şonda biz Hanowyň täsirlidigini, oňa hemme zady edip bolýandygyny, kanun bozmagyna rugsat berilýändigini, kadaly jaý almak üçin ummasyz para alýandygyny, dokumetleri 'ýitirmäge' ýa-da gödek galplaşdyrmaga baş goşýandygyny bilip galdyk.

Ol özüne goldaw beren we paý alan Gülnabadyň [Döwletowa] howandarlygy sebäpli özüni güýçli duýdy"- diýip çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, orta wezipeli resminiň eldegrilmesizligi onuň öňki prezidentiň aýal dogany bilen gatnaşygyna degişli: "Her kim onuň Gülnabat bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny öňden bäri bilýär. Olar asla gizlenmediler".

“Turkmen.news” neşiri hem saklanan resminiň prezidentiň aýal dogany Gülnabat Döwletowa bilen gatnaşygy barada habar berýär.

"Atajanyň diňe Gülnabat Döwletowanyň howandarlygyndan peýdalanman, eýsem onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolandygy aýdylýar.Geçmişde Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany hakykatdanam şäher häkimligi bilen baglanyşyklydy: agasynyň prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda ol şol ýerde işledi.

Döwletowa ilkinji prezident Nyýazowyň adyny göterýän etrapdaky häkimдikde işledi, soň tenderde galplyk etmekde günäli tapyldy hem soňky ýyllarda Gyzyl ýarymaý edrasyna geçip, ony halkara haýyr-sahawat guramasynyň bir bölüminden öz “gazanç çeşmesine" öwürdi diýip, türkmen.news ýazýar.

Atajan Hanowyň tussag edilendigi baradaky habar Gülnabat Döwletowanyň Milli gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşadylmagynyň yzýanyna gabat geldi. Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine görä, bir wagtlar täsirli Döwletowa apreliň ahyrynda ýurduň häzirki baştutany Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy bilen işden aýrylypdyr. Çeşme, bu çäräni täze prezidentiň garyndaşlarynyň biabraýçylygyndan dynmak we öz abraýyny ýokarlandyrmak synanyşygy hökmünde düşündirýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Moskwada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn, 10 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy
Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatdaky meşhur “Sky-bar” ýapyldy
Serdar Berdimuhamedow daýzasyny Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy
Derňew hasabaty: Gözellik merkezi 90% arzanladyş bilen Berdimuhamedowyň garyndaşlaryna satyldy