TÝL ― 2020: 17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

TÝL ― 2020: 17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Bir täze golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna bu gezek diňe Merwden Şaweli Seýitgulyýew goşuldy.

98 golçy: Şeýlelikde, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 98-e çykdy.

9 gol: Şeýlelikde, 17-nji tapgyryň duşuşyklarynda derwezelere 9 pökgi geçirildi. Mundan öň 15-nji we 19-njy tapgyrlar 9 gol bilen tamamlanypdy.

287 gol: Şunluk bilen möwsümde geçirilen gollaryň sany 287-ä çykdy.

“Energetik” “Aşgabat” 2:1

Gollar: 18 Begli Meredow, 62 Parahat Jumanazarow 84 Kemal Annamuhammedow.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 0:1

Dördünji aýlawda: 1:6

Möwsüm boýunça: 3:9.

30-njy gol: Kemal Annamuhammedow Aşgabadyň şu möwsümdäki 30-njy pökgüsini geçirdi.

20-nji gol: Begli Meredow Energetigiň şu möwsümdäki 20-nji pökgüsini geçirdi.

10 utukly sekizinji topar: Energetik möwsümde 10 utuklyk sepgide ýetip bilen iň soňky topar boldy. Häzir toparyň hasabynda 12 utuk bar. Böwedi açylan ýeňiş öňümizdäki tapgyrlarda hem gazanylsa, toparyň ikinji 10-lugy hem doldurmaga mümkinçiligi bar.

200-nji gol: Duşuşykda Begli Meredowyň geçiren pökgüsi Energetigiň Ýokary ligadaky 200-nji goly boldy.

5 tapgyrdan soň utuk, 13 tapgyrdan soň ýeňiş: Energetik iň soňky utugyny 5, iň soňky ýeňşini 13 tapgyr ozal gazanypdy.

“Ahal” “Merw” 3:1

Gollar: 48 Guwanç Abylow, 56 Murat Ýakşiýew, 67 Pirmyrat Sultanow 90+4 Şaweli Seýitgulyýew.

Birinji aýlawda: 3:0

Ikinji aýlawda: 0:3

Dördünji aýlawda: 1:0

Möwsüm boýunça: 7:4.

50 utukly ikinji topar: Bu ýeňişden soňra utugyny 52-ä çykaran Ahal möwsümde 50 utuklyk sepgide ýetip bilen ikinji topar boldy. Möwsümiň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempionlygyny yglan eden Altyn asyrda 64 utuk bar.

Bir derwezä 40 pökgi: Şu duşuşykda Myrat Ýagşyýewiň geçiren goly möwsümde Merwiň derwezesine geçirilen 40-njy pökgi boldy.

Abylow ― altynjy: Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri 81-nji pökgüsini geçiren Guwanç Abylow şol möwsümden bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda bir basgançak ýokary süýşüp, altynjy orna geçdi. Ozal ol Mämmedaly Karadanow bilen altynjy we ýedinji basgançaklary paýlaşýardy. Ýeri gelende aýtsak, sanawyň bäşinji basgançagyndaky Hemra Amanmämmedowyň hasabynda 96 pökgi bar.

Ýokary liga golly ädim: Şaweli Seýitgulyýew Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi. Ol 2012-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän sanawa 301-nji futbolçy bolup goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
“Ahal” bilen “Energetik” toparlary ýeňiş gazandylar
14 oýundan soňky ilkinji ýeňşi
TÝL ― 2020, 17-nji tapgyr: Ahal Merwi ýeňdi