TÝL — 2023: Aşgabat bilen Şagadam deňme-deň oýnady

TÝL — 2023: Aşgabat bilen Şagadam deňme-deň oýnady

15-nji sentýabrda 17-nji tapgyryň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda Aşgabat hem-de Şagadam toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Aşgabat topary gazanan bu ýeňşinden soň toplan 17 utugy bilen 4-nji orna geçmegi başardy. Geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplan Şagadam topary 9-njy orny eýeleýär.

Bu tapgyrda geçirilmeli Nebitçi bilen Köpetdagyň hem-de Arkadag topary bilen Altyn asyryň aradyndaky duşuşyklaryň wagtlary süýşürildi. Bu tapgyryň çäginde wagtyndan öň geçirilen duşuşykda Merw toparynyň myhmançylykda Energetikden 2:0 hasabynda üstün çykandygyny ýatladýarys.

17-nji tapgyryň duşuşygy:

Aşgabat — Şagadam — 1:1

Gollar: 10 Jumamyrat Jumaýew 56 Guwanç Abylow.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: üç günde iki duşuşyk geçiriler
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
TÝL ― 2021: möwsümiň ilkinji sary karty Altyn asyryň futbolçysyna görkezildi