TÝL ― 2023: awtogolçularyň özünden bir topar düzüldi

TÝL ― 2023: awtogolçularyň özünden bir topar düzüldi

Ýokary liganyň geçen möwsüminde jemi 11 futbolçy öz derwezesine pökgi geçirdi. Olaryň dördüsi Aşgabada (Garly Garlyýew, Şamämmet Agamammedow, Begmyrat Arbatow we Ýeňiş Berdimyradow), üçüsi Ahala (Şöhrat Söýünow, Furkat Tursunow we Möwlamberdi Goşşanow), galanlary Köpetdaga (Myrat Amantaganow), Energetige (Aşyr Jumadurdyýew), Merwe (Ambýar Mahmudow) we Şagadama (Ýunus Orazmämmedow) degişlidir.

Möwsümiň ilkinji awtogoly 4-nji tapgyrda Ahalyň goragçylary Şöhrat Söýünowyň we Furkat Tursunowyň goşa säwligi bilen hasaba aldyndy. Soňra 7-nji tapgyrda Aşgabatdan Garly Garlyýew, 10-njy tapgyrda onuň topardaşy Şamämmet Agamämmedow, 16-njy tapgyrda ýene bir aşgabatly Begmyrat Arbatow şeýle ýalňyşlygy goýberdi.

18-nji we 19-njy tapgyrda janköýerler awtogollaryň üçüsine şaýat boldular. Bu tapgyrlaryň ilkinjisinde Ahaldan Möwlamberdi Goşşanow garşydaş topara kömek eden bolsa, 19-njy tapgyrda şeýle ýürekdeşlik Köpetdagdan Myrat Amantaganow bilen Energetikden Aşyr Jumadurdyýewden geldi.

Yzygiderli awtogollar 24-nji we 25-nji tapgyrlarda-da bellige alyndy. 24-nji tapgyrda Merwden Ambýar Mahmudow şeýle ýalňyşlygy goýberen bolsa, 25-nji tapgyrda Ýeňiş Berdimyradow Aşgabadyň möwsümdäki dördünji awtogoluna gol çekdi. Möwsümde iň soňky awtogol bolsa 27-nji tapgyrda Şagadamyň futbolçysy Ýunus Orazmämmedowdan geldi.

Ýene degişli makalalar

“Altyn asyrdan” uly hasaply ýeňiş
4 golly ýeňişler
16.05.2018 | “Altyn asyr” AFK-NYŇ Kubogy ugrunda ýaryşy dowam eder
“Altyn asyr” AFK-NYŇ Kubogy ugrunda ýaryşy dowam eder
“Altyn asyryň” taryhy ýeňşi
07.01.2019 | Resmi habarlar