Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynda özünden garaşylan netijäni bermedik Şagadam tomusky arakesmede tälimçiler we oýunçylar düzüminde käbir üýtgeşmeleri geçirdi.
Ilki bilen klubyň tälimçiler Azat Garajaýew we Begenç Garaýew bilen şertnama baglaşandygyny aýtmak gerek.
Şeýle hem Merwden Selim Ataýew, Energetikden Arslan Ýollyýew (kärende), Ahaldan Pirmyrat Sultanow hem-de Aşgabatdan Babajan Altyýew çempionatyň galan böleginde Şagadamyň üstünlikleri üçin göreşer.
Şagadam Ahal futbol toparyna bolsa Ruslan Priýew bilen Salim Umarowy berdi.
