Uçarda dünýä indi

Ekwadoryň Guaýakil şäherinden Niderlandlaryň Amsterdam şäheriniň üsti bilen Ispaniýanyň Madrid şäherine barýan ýolagçy uçarynda bir zenan oglan bäbejigi dünýä inderdi.KLM awiakompaniýasyna degişli uçaryň Tamara atly ýolagçasyna şol uçarda barýan awstriýaly iki lukman we bir şepagat uýasynyň kömek edendigi mälim edildi.

Amsterdama gonmazdan az salym ozal bäbegini eline alan zenan ýolagçy uçar gonandan soňra hassahana äkidildi.Bäbegi awstriýaly lukmanlardan biri bolan Maksimilianonyň ady dakyldy.Hassahananyň wekilleri Tamaranyň we bäbeginiň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny mälim etdiler.

Beýanatda Tamaranyň we oglunyň gerekli resminamalary taýýarlamaga ýardam edýändigi, gysga wagtdan Ispaniýa uçup biljekdikleri aýan edildi.

Bäbegiň uçarda dünýä inmegi köp bolmasa-da, duş gelýän waka. Sebäbi, awiasiýanyň kadalaryna görä, göwreliligiň 36-njy hepdesine çenli zenanlaryň howa gämilerine münmeklerine rugsat berilýär. Käbir awiakompaniýalar göwreliligiň 28-nji hepdesinden soňra saglygy goraýyş edarasynda howa gämisi arkaly syýahat edip biljekdigi barada kepilnama talap edýär.

Ýene degişli makalalar

"14-nji TRT Halkara Dokumental film baýraklary" bilen bagly çäreler başlady
Medeniýetiň ösüşi, taryhy, ýörelgeleri, häzirki güni hakda gürrüň berýän sergi
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisinde ahal-teke bedewleriniň waspy
28.11.2019 | Türkmen-özbek gatnaşyklary — hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy
Aşgabatda Russiýa kinosungatynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Ýurdumyzda russiýa kino sungatynyň eserleri görkeziler