Uçýan awtoulag satuwa çykýar

Hytaýyň “Geely” kompaniýasynyň eýeçiligindäki “Terrafugia” täze işläp düzen uçýan awtoulagyny golaýda satuwa çykarjakdygyny mälim etdi.Uçýan awtoulaglar birnäçe ýyldan bäri işlenip düzülýär.Olaryň gündelik durmuşda ulanylmagy barada dünýä ýurtlarynyň arasynda entek belli bir umumy kada ýok hem bolsa, şu aýda şeýle ulaglaryň satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Ulag, ilkinji nobatda, diňe amerikan bazarynda satylar.Onuň bahasynyň näçe boljakdygy entek mälim edilmedi.Sagatda 322 km tizlik bilen hereket edip bilýän ulagyň uçup bilýän iň uzak aralygy 805 km.

Satuwa çykarylan ilkinji uçýan awtoulag boljak “Terrafugia” mundan ozal eplenýän ganatly, dört tigirli, iki orunlyk modeli köpçülige görkezipdi.Merkezi Massaçusetsde ýerleşýän “Terrafugia” şeýle ulagy ilkinji bolup synagdan geçiren şereketleriň biridir.

Ulag geçen ýyl ýurduň federal awiasiýa edarasyndan (FAA) degişli tassyknama alypdy.Hytaýyň “Geely” kompaniýasy 2010-njy ýylda “Volvo” şwed şereketini hem satyn alypdy.Uçýan awtoulaglary kämilleşdirmäge şwed şereketiniň goşulyp goşulmajakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Geely 2021-nji ýylda bazarda 1,32 milliondan gowrak awtomobil satdy
Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy
Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
Bäsdeşlerinden ozdurar
Geely awtomobillerden dünýäde iň uly mozaika düzüp, rekord goýdy