UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümde pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümde pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümde pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi.

Bijä laýyklykda, toparlary belli bolan ýeke-täk duşuşykda Trabzonspor bilen Kopengagen duşuşar. Galan 5 duşuşygyň klublary-da 3-nji saýlama tapgyryň oýunlaryndan soň belli bolar.

3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary şu gün we ertir oýnalar. Jogap duşuşyklary-da 9-njy awgustda geçiriler. Pleý-off tapgyrynyň oýunlary bolsa 16-17-nji awgustda, şeýle-de jogap oýunlary 23-24-nji awgustdan oýnalar.

Pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanan 6 klub toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazanar. Toparçalaryň bijeleri 25-nji awgustda çekiler.

Ýene degişli makalalar

ÝÇL-iň saýlamasynyň pleý-off tapgyrynda deslapky duşuşyklar geçirildi
Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyryň bijeleri çekildi
Çempionlar Ligasyna 27 ýyldan soň ilkinji gezek türk kluby gatnaşmaz
Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 30-njy hepdesi tamamlandy
“Betis” hem-de “Wilýarrealyň” täze oýunçylary