UEFA-nyň täze ýaryşynyň bijeleri çekildi

UEFA-nyň täze döredilen ligasy UEFA Ýewropa Konferensiýa ligasynyň hem ilkinji möwsüminiň toparçalarynyň bijeleri çekildi. 32 klubuň gatnaşýan ýaryşynda toparlar 8 toparça bölündi.Bu ýaryşa milli çempionatlarynda 6-7-nji orny eýelänler, şol sanda Ýewropa ligasynyň saýlama tapgyrlarynda şowsuz bolan klublar gatnaşýar.

UEFA-nyň sanawynda aşaky orunlarda bolan çempionatlaryň klublarynyň has-da kämilleşmegi üçin döredilen ýaryşyň iň esasy topary meşhur tälimçi Žoze Mourinionyň häzirki hem-de öňki klublary bolup, olar Roma bilen Tottenham toparlarydyr. Şeýle-de ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälim berýän topary Kaýrat hem ýaryşa gatnaşýar.

Alaşkert (Ermenistan), Budýo-Glimt (Norwegiýa), Flora (Estoniýa), Kaýrat (Gazagystan), Linkoln Red Imps (Gibraltar), Mura (Sloweniýa), Ranners (Daniýa) hem-de Union Berlin (Germaniýa) klublary ilkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlarynda toparçalarda çykyş eder. Şol bir wagtyň özünde Ermenistandan, Estoniýadan hem-de Giraltardan bir klub UEFA-nyň ýaryşlarynyň toparçalaryna ilkinji gezek gatnaşýarlar.

“A” TOPARÇA:

LASK (Awstriýa), Makkabi T. A. (Ysraýyl), Alaşkert (Ermenistan), HJK (Finlýandiýa)

“B” TOPARÇA:

Gent (Belgiýa), Partizan (Serbiýa), Flora (Estoniýa), Anortosis (Kipr)

“C” TOPARÇA:

Roma (Italiýa), Zorýa (Ukraina), SSKA Sofiýa (Bolgariýa), Buýo-Glimt (Norwegiýa)

“D” TOPARÇA:

AZ (Niderlandlar), KFR Kluž (Rumyniýa), Ýablones (Çehiýa), Ranners (Daniýa)

“E” TOPARÇA:

Slawiýa (Çehiýa), Feýenoord (Niderlandlar), Union Berlin (Germaniýa), Makkabi H (ySRAÝYL

“F” TOPARÇA:

Kopengagen (Daniýa), PAOK (Gresiýa), Slowan (Slowakiýa), Linkoln Red Imps (Gibraltar)

“G” TOPARÇA:

Tottenham (Angliýa), Renn (Fransiýa), Witesse (Niderlandlar), Mura (Sloweniýa)

“H” TOPARÇA:

Bazel (Şweýsariýa), Karabag (Azerbaýjan), Kaýrat (Gazagystan), Omonoia (Kipr)

Ýene degişli makalalar

Tottenhem, Roma, Kaýrat… UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň bijesi çekildi
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Husiler ABŞ-na Degişli Gämini Nyşana Aldy
Daşary ýurt metbugatyna syn