UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi

UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi

UEFA resmi saýtynda ses berlişigi işe girizdi, onuň jemi boýunça ýylyň topary kesgitleniler. Ses berlişik ýanwar aýyna çenli dowam eder. Ýylyň toparyna 11 oýunçy girer. Bu barada championat.com habar berýär.

Dalaşgärleriň sanawy 50 oýunçydan ybarat: derwezebanlar Alison Beker (“Liwerpul”), Antoni Lopeş (“Lion”), Keýlor Nawas (“Pari Sen-Žermen”), Manuel Noýer (“Bawariýa”), Ýan Oblak (“Atletiko”); goragçylar Dawid Alaba, Alfonso Dewis, Ýozua Kimmih (ählisi “Bawariýa”), Trent Aleksander-Arnold, Endrýu Robertson, Wirjil wan Deýk (ählisi “Liwerpul”), Anhelino, Deotşankýul Ýupamekano (ikisi hem “RB Leýpsig”), Huan Bernat, Presnel Kimbembe (ikisi hem “PSŽ”), Matteýs de Ligt (“Ýuwentus”), Stefan de Wreý (“Inter”), Hans Hatebur (“Atalanta”), Serhio Ramos (“Real”), Týago Silwa (“Çelsi”); ýarym goragçylar Týago Alkantara, Jordan Henderson (ikisi-de “Liwerpul”), Ussem Auar (“Lion”), Ewer Banega (“Al-Şabab”), Nikolo Barella (“Inter”), Kingsli Koman, Leon Goreska, Tomas Mýuller (ählisi “Bawariýa”), Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”), Brunu Fernandeş (“Mançester Ýunaýted”), Alehandro Gomes, Ýosip Iliçiç (ikisi hem “Atalanta”), Kaý Hawers (“Çelsi”), Markinos (“PSŽ”), Marsel Zabitser (“RB Leýpsig”); hüjümçiler Erling Holand (Dortmund “Borussiýasy”), Anhel Di Mariýa, Kilian Mbappe, Neýmar (ählisi “PSŽ”), Žoau Feliş (“Atletiko”), Serž Gnabri, Robert Lewandowski (ikisi-de “Bawariýa”), Çiro Immobile (“Lasio”), Harri Keýn (“Tottenhem Hotspur”), Romelu Lukaku (“Inter”), Sadio Mane, Mohamed Salah (ikisi-de “Liwerpul”), Lionel Messi (“Barselona”), Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”), Rahim Sterling (“Mançester Siti”).

Ýene degişli makalalar

UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
Ilkinji sloweniýaly türgen
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
FIFA, The Best ― 2020: Manuel Noýer ― ýylyň iň gowy derwezeçisi
Manuel Noýer FIFA boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri