Üsgülewügiň öňüni alýan ösümlik çaýlary

Üsgülewügiň öňüni alýan ösümlik çaýlary

Ter ýa-da guradylan beýi ýapragy

Guradylan beýi ýapragyny 10-15 minut, ter ýapraklary bolsa 3-5 minut demläp günde 2-3 käse içmek maslahat merilýär. Bejergi maksady bilen içýän bolsaňz şeker goşmaň.

Alma çaýy

Almanyň gabygyny lipany we 2 käse suwy bir gaba salyp, gaýnadyň. Soň ergine dalçyn we ýarym limon goşuň. Sowatman içmek maslahat berilýär.

Itburny çaýy

Itburny bilen bir käse suwy gaýnadyň. Içine iwelen zenjebil goşuň we ýylylygyna içiň.

Ekineseýa çaýy

Ekineseýa ösümliginiň esasan sowuklama, dümew, gripp ýaly ýarawsuzlyklardan goraýandygy bilinýär. Demläp, günüň dowamynda 1 datly çemçesi bal goşup, günde 2 käse içmek maslahat berilýär.

Beýi, bal we lipa

Şu önümler bilen demlenen çaý, üsgülewige iň peýdaly çaýlardan biridir. Beýiden, baldan we lipadan demlenen çaý bokurdagy ýumşadyp, bejerýär. Günde 2-3 käse içiň.

Bally käkilik otunyň çaýy

İki kofe çemçesi üwelen käkilik otunyň üstüne bir käse gaýnan suw guýup, 4 minut demläň w süzüň. Bal goşup içmek maslahat berilýär.

Zenjebil, bal we gwozdika

1 nahar çemçesi baly, 1 çaý çemçesi üwelen zeljebili we 1 çaý çemçesi gwozdikany goşup, ergin taýýarlaň. Eger isleseňiz oňa limon goşuň we günde 1-2 datly çemçesi içiň.

Zenbelli dalçynly çaý

3 halka ter zenjebili, 8 sany çybyjak dalçyny, 8 sany gwozdikany, 1 sany limony we 1 çemçe baly 1,5 litr suw goşup gaýnadyň. Baly iň soňunda goşmagy ýatdan çykarmaň.

Üwelen gara burç we bal

Üwelen gara burç miwesini gaýnan suwda demläp, bokurdagyňyzy çaýkamak maslahat berilýär. Däne gara burçy ýyly suwda demläp, 1 datly çemçesi bal goşup içmek maslahat berilýär.

Gök çaý we kardamon

Gök çaýy bokurdagy çaýkamak üçin ulanyp bilersiňiz. Kardamon goşulan gök çaýy günde 2-3 käse içmek peýdaly.

Beýi çaýy

1 çaý çemçesi üwelen beýi tohumyny bir käse suwda 5-10 minut demläp içmek maslahat berilýär. Umuman ösümlik çaýlary ýeňil bolandygy üçin nahardan 30 minut öň ýa-da 1-2 sagat soň içmek maslahat berilýär.

Zenjebil, gara burç, bal, limon, dalçyn

1 nahar çemçesi baly, 1 çaý çemçesi üwelen zenjebili, 1 çaý çemçesi gara burçy, 1 çaý çemçesi üwelen dalçyny ýarym limon goşup, günüň dowamynda aşgazan boş mahaly 2-3 datly çemçesi iýmek üsgülewigi azaldar.

Buýanyň köki, dermanlyk şadere, zenjebil

1 datly çemçesi üwelen buýan köküni, 1 datly çemçesi dermanly şadere otuny we 1 datly çemçesi üwelen zeljebili 1 käse gaýnan suwa goşup, 4-5 minut demläň. Günüň dowamynda 2-3 käse içmek maslahat berilýär.

Lipa çaýy

Lipa çaýyndan 2-3 kase içmek üsgülewik üçin peýdalydyr. Bejergi üçin içilende şeker goşmak maslahat berilmeýär.

Şalfeý

Şalfeý çaýy hem bokurdagy ýumşadýar hem-de agyrysyny aýyrýar. Ösümlik çaýy hökmünde içilýän şalfeý çaýyndan bokurdagy çaýkamak üçin hem peýdalanmak maslahat berilýär.

Şypaly ösümlik erginleriniň we çaýlarynyň taýýarlanylyşynda üns berilmeli zatlar

Ösümlik çaýlarynyň käbirleri demlenip käbirleri bolsa gaýnadylyp içilmeli. Bu iki usul biri-birinden tapawutlydyr.

Ýene degişli makalalar

Gury üsgülewigiň tebigy bejergisi…
Sowuklama-gripp we antibiotik bejergisi
Lebapda pagta ýygymy batly depginde dowam edýär
Ýagyşdan soň gapaklan gowaça meýdanlarynyň hatarara bejergisine kultiwatorlar ýetmezçilik edýär
Himiýa senagaty geljegi uly pudak
Türkmenistan Pakistana ynsanperwerlik kömegini iberer, Wozroždeniýe Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döwrebaplaşdyrar, Gyzykly gezelenç gepleşiginiň täze sany köpçülige ýetirildi