Ukraina Garşy Söweşmek Üçin Rus Goşunynyň Hataryna Ýazylan Özbek Hakynda Iş Gozgaldy

Ukraina Garşy Söweşmek Üçin Rus Goşunynyň Hataryna Ýazylan Özbek Hakynda Iş Gozgaldy

Amuderýa Jenaýat kazyýeti, Ukraina garşy söweşmek üçin rus goşunynyň hataryna ýazylan emma fronda gitmezden öň ýurduna gelen 23 ýaşyndaky özbek raýatyny, hakyna tutma esgerligi gadagan edýän kanuna esaslanyp 3 ýyl azatlygy çäklendirmek jezasyny berdi.

Ady agzalýan şahys 2023-nji ýylyň dekabr aýynda işlemek üçin Russiýa gidipdir we birnäçe wagt dürli işlerde işländen soň 2024-nji ýylyň fewral aýynda hakyna tutma esgerlige ýüz tutupdyr.

Hakyna tutmak esgerlik şertnamasyna görä, Özbegistanyň raýaty bolan şahys bir gezekligine 195 müň rubl we her aý 240 müň rubl aýlyk almalydy.

Moskwa oblastynda ýerleşýän “Awangard” atly harby merkezde tälim alan Özbegistanyň raýaty, ozal frontda söweşen we ýaralanan ýoldaşlarynyň biriniň başdan geçiren wakalaryny diňländen soň harby merkezden gaçýar we Özbegistanyň Moskwadaky wekilhanasyna ýüz tutýar. Wekilhana şahysa ýurduna dolanmagy maslahat berýär.

Maý aýynda Amuderýa Jenaýat kazyýeti ady agzalýan şahsy hakyna tutma esgerlik kanuny basgylandygy sebäpli 3 ýyl azatlygy çäklendirmek jezasyny berýär.

Karara görä, günäli adam ýerli wagt bilen 21.00-06.00 aralygynda öýünde bolmaly we ýaşaýan şäherinde başga şähere gitmeli däl.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny
“Biz Ysraýyla Garşy Söweşmäge Taýar”
Häkimiýetler Daşoguzda, Lebapda özbek SIM kartlaryndan peýdalanýan raýatlary nyşana alýar
Goşun gullugyna alnan ýaşlaryň harby kasam dabaralarynyň käbiri ýatyryldy
Türkiýäniň Diplomatik Wekilhanalarynda Baýdaklar Ýarysyna Çenli Aşakladyldy
Türkmenistanda BMG-niň Taslama Hyzmatlary Boýunça Dabaraly Çäre Geçirildi