Ukraina rus howpsuzlyk güýçleriniň Krymda 50-den gowrak adamy göz tussaglygyna alandygyny aýtdy

Ukraina rus howpsuzlyk güýçleriniň Krymda 50-den gowrak adamy göz tussaglygyna alandygyny aýtdy

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar, Twitterden beren beýanatynda, Ukrainanyň raýatlaryna garşy edilýän köpçülikleýin basyşyň Krym platformasyna garşy öç almak maksatly edilendigini mälim etdi.

Emine Jeppar, gysga wagt ozal göz tussaglygyna alynan 5 krymly tatar barada maglumat almak maksady bilen Krymdaky Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullygynyň (FSB) binasyna baran, aralarynda 2 žurnalistiň hem bolan 50-den gowrak adamyň göz tussaglygyna alynandygyny aýan etdi.

Russiýanyň Krymdaky howpsuzlyk güýçleri, aralarynda Krym tatar mejlisiniň başlygynyň orunbasary Neriman Jelal hem bolan 5 krymly tatary göz tussaglygyna alypdy.

Ýene degişli makalalar

Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Rasizada Hüseýin Jawid
Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
Ysmail Gaspyraly
Zelenskiý Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen bagly ýüzlenme çap etdi
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy