"Ukraina rus tebigy gazyny ibermek baradaky şertnamany uzaltmazlyk bilen Ýewropany jezalandyrýar"

"Ukraina rus tebigy gazyny ibermek baradaky şertnamany uzaltmazlyk bilen Ýewropany jezalandyrýar"

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Leningrad sebitinde geçirilýän Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşiginiň Ýokary geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Rus tebigy gazyny Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa iberilmegi bilen bagly Putin: "Ukrainalylar şertnamany uzaltmajakdyklaryny habar berdiler. Uzaltmajak bolsalar, uzaltmasynlar. Olar Ýewropanyň özlerine uzadan elini kesýärler. Ýewropanyň goldawy bolmazdan, uruşmak aňarda dursun, Ukraina barlygyny dowam etdirip bilmez. Olar gaz üpjünçiligimiz baradaky şertnamany uzaltman Ýewropany jezalandyrýarlar" diýip belledi.

Gazyň Ýewropa iberilmegi bes edilen halatynda, gazyň bahasynyň ýokarlanyp biljekdigini aýdan Putin, rus gazynyň Ukrainanyň üstaşyr iberilmegi bilen bagly şertnamanyň möhlediniň 31-nji dekabrda doljakdygyny belläp: "Şertnamanyň 3-4 günüň dowamynda üpjün edilmegi mümkin däl" diýip nygtady.

Wladimir Putin Russiýanyň tebigy gazyny Polşanyň üsti bilen Ýewropa ibermäge taýýardyklaryny we muny çalt amala aşyryp biljekdiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň möhüm portunyň golaýynda iki sany tankere hüjüm etdi
Ukraina Russiýanyň harby gämilerine hüjüm etdi; UHU hüjümlerinde azyndan sekiz adam öldi
Russiýa gije guralan uly göwrümli hüjümde 300-e golaý ukrain dronuny urup düşürendigini beýan edýär
Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi