Ukraina, Russiýa Garşy ABŞ-da Öndürlen Raketalary Ulandy

Ukraina, Russiýa Garşy ABŞ-da Öndürlen Raketalary Ulandy

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň düýn gije Russiýanyň Brýansk sebitine Amerikada öndürlen uzak aralykly taktiki ATAJMS raketalary bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ukrainanyň harby goşunynyň Brýansk sebitine 6 balistiki raketa atandygy nygtaldy.

Raketalaryň, S-400 we “Pantsir” howa goranyş raketa ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Beýannamada “Hüjümde Amerikada öndürlen uzak aralykly taktiki ATAJMS raketalary ulanyldy. Raketalardan 5-i urlup düşürildi, 1-ne hem uly zeper ýetirildi. Raketanyň bölekleri Brýansk sebitindäki harby desganyň tehniki bölümine düşdi we ýangyn boldy. Ýangyn söndürildi. Wakada adam pidasy çekilmedi” diýildi.

Amerikan Waşington Post gazeti, Amerikaly ýolbaşçylara esaslanýan habarynda, Amerikan hökümetiniň Ukraina beren uzak aralykly taktiki raketa ulgamlarynyň Russiýa garşy ulanylmagyna rugsat berendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Ysraýyla guran hüjümlerinde 12 adam ýogaldy
Ukraina Russiýanyň nebit ammaryna dron hüjümini gurady
Eýran Kuweýde dron hüjümini gurady
Pakistanda guralan hüjümlerde we terrora garşy geçirlen operasiýalarda köp sanly esger ýogaldy
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Stambulda polis gullukçylaryna guralan hüjüminden soň üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi