Ukraina: "Russiýanyň territoriýasyna hüjüm guramaýarys" diýdi

Ukraina: "Russiýanyň territoriýasyna hüjüm guramaýarys" diýdi

Twitter hasabyndan Russiýada uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümleriň üstünde durup geçen Podolýak: "Ukraina Russiýanyň territoriýasyna hüjüm guramaýar. Ukraina ähli territoriýasyny basyp alyşykdan azat etmek maksady bilen goranyş maksatly söweş alyp barýar. Bu aksioma. Russiýada howsala we çökme tapgyry güýçlenýär, infrastruktura desgalaryna entek anyklanmadyk uçýan obýektler bilen içerki hüjümlerdäki artyşlar ony subut edýär" diýip belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary ulanyp, Krasnodar sebitindäki we Adygeýa Respublikalaryndaky raýat infrastrukturalaryna garşy hüjümler gurandygyny beýan edipdi.

Moskwa we Belgorod sebitlerinde hem şol gün uçarmansyz howa ulaglary ýere gaçypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 2021/2022-nji okuw ýyly tamamlandy
Aşgabatly mekdep okuwçylary 7-nji Kawkaz matematika olimpiadasynda bürünç medallara mynasyp boldular
Jynazasyz ýas çäresi. Daşary ýurtlarda ýogalanlaryň ýas çäreleri köpelýär
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Adygeýa Respublikasynda boldy
Türkmenistanda 2021/2022-nji okuw ýylynda orta mekdeplerde haýsy bäsleşikler geçirildi?
Russiýa: "Podgorodnoýe ýaşaýyş zolagyny gözegçilik astyna aldyk" diýdi