Ukrainadaky urşuň ýyldönüminde Türkmenistanyň pozisiýasy üýtgemedi

Ukrainadaky urşuň ýyldönüminde Türkmenistanyň pozisiýasy üýtgemedi

Russiýanyň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina çozup, bu ýurtda giň derejeli harby basybalyjylygyny dowam etdirmegi Ýewropada Ikinji Jahan urşundan soňky iň uly harby çaknyşyga getirdi. Tutuş dünýä täsir edýän Ukrainadaky ýagdaý barada Türkmenistanyň pozisiýasy henizem kesgitsiz galýar.

Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary diplomatik gatnaşyklarda ýa-da resmi beýanatlarda Ukrainadaky söweşi agzamadylar. Türkmen metbugaty uruş barada habarlary çap etmän gelýär. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ukrainadaky uruşy togtatmak baradaky ses berişlikleriniň hiç birine gatnaşmady, ne 2022-nji ýylyň 24-nji martynda, ne-de 2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda ses berdi.

BMG Baş Assambleýasynyň çarşenbe günki ses berişliginde Russiýany Ukrainadaky söweşleri togtatmaga we ol ýerden goşun çykarmaga çagyrýan rezolýusiýanyň proýekti boýunça ses berildi.

Rezolýusiýany 141 ýurt goldady. Russiýa, Belarus, Demirgazyk Koreýa, Siriýa, Nikaragua, Mali we Eritreýa garşy çykdy. Beýleki 32 ýurt saklandy. Olaryň arasynda Ermenistan, Gazagystan, Täjigistan, Hytaý, Eýran we Hindistan bar.

Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Ukrainanyň prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýüzlenipdi, emma weýrançylykly urşy agzamandy. 24-nji awgustda Serdar Berdimuhamedow resmi ýüzlenmesinde Wolodymyr Zelenskä saglyk, ukrain halkyna bolsa, bagt, durnuklylyk we abadançylyk arzuw etdi, ýöne çykyşynda "uruş" we "parahatçylyk" sözlerini agzamady.

Ukrainada güýçli söweşleriň we gandöküşikligiň barýan wagtynda 10-njy oktýabrda Türkmen döwlet metbugatynda Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen geçirilen söhbetdeşlikde çap edildi, emma onda-da uruş agzalmady.

Uruş türkmen resmileri tarapyndan ilkinji gezek resmi taýdan oktýabr aýynyň ortalarynda agzaldy, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň web sahypasynda türkmen raýatlaryna Ukrainany terk etmegi maslahat berýän bildiriş çap edildi.

"Ukrainanyň çäginde dowam edýän harby ýagdaý bilen baglylykda, şeýle-de onuň tutuş çäginde güýçlenýän raketa hüjümleriniň howpy sebäpli, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy häzirki wagtda Ukrainanyň çäginde ýerleşýän we daşary ýurtdan Ukraina sapar etmekçi bolýan türkmen raýatlarynyň ählisine ýüzlenýär diýlip, 16-njy oktýabrda çap edilen resmi bildirişde aýdyldy.

Türkmenistanyň raýatlaryna "şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek üçin" goňşy ýurtlaryň üsti bilen Ukrainany terk etmek, şeýle hem ýurduň territoriýasynda harby düzgün ýatyrylýança Ukraina gitmekden saklanmak maslahat berildi.

Türkmenistanda Ukrainadaky söweş barada şu güne çenli Russiýanyň bu ýurtda ýaragly çozmagynyň ýyl dönüminde hem dymylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen metbugatynyň Ukrainadaky söweşi beýan etmeýändigini aýdýarlar.

Ukrainada uruş başlandan soň, bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň takyk sany barada resmi maglumat ýok. Mundan ozal UNESKO-nyň 2020-nji ýylda çap eden statistikasyna görä, 4304 türkmen studenti Ukrainada ýokary bilim alýardy. Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, söweşler başlandan soň 5-nji marta çenli 1700 türkmen studenti Ukrainadan ewakuasiýa edilipdir.

Urşuň başynda Merkezi Aziýa döwletleriniň öz raýatlaryny Ukrainadan göçürmegi guramalaşdyran wagtynda, Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň raýatlarynyň ewakuasiýa edilmegine ýeterlik goldaw bermändigi barada ençeme habar berlipdi. 28-nji fewralda Ukrainada galan türkmen raýatlary Türkiýäniň "A Haber" telekanalyna interwýu berip, türk häkimiýetlerinden kömek sorapdy.

Bu aralykda, Ukrainany terk etmegi başaran Türkmenistanyň köp raýaty agyr güne düşdi. Käbirleri watanyna dolandy, käbirleri Türkiýe ýaly beýleki ýurtlara göçdi. Käbirleri henizem Polşada galýar, olaryň arasynda ukrain uniwersitetleriniň talyplary we zähmet migrantlary bar.

Polşada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhamet Annaýewiň sözlerine görä, şu günki gün bu ýurtda galýan türkmen raýatlary wizalaryny uzaltmakda kynçylyk çekýärler.

"Olar gelen wagtynda wiza birnäçe aýlyk, iň uzagy bir ýyllyk berildi. Bu köp adama işlemäge mümkinçilik döretdi. Indi wiza möhleti gutarýar we köpüsi bikanun ýagdaýda galýar, işini we eklenjini ýitirýär" - diýip, Annaýew 23-nji fewralda Azatlyga gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler Türkmenistanyň raýatlarynyň watanyna baryp biljekdigini aýdyp, wizany uzaltmakdan ýüz öwürýärler. Annaýew, köp türkmeniň ýat ýurtda duçar bolýan kynçylyklaryna garamazdan, Türkmenistana dolanmak islemeýändigini, sebäbi öz ýurdundaky işsizlikden habarlydygyny aýtdy.

Geçen ýylyň 1-2-nji martynda ABŞ we Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn syýasy konsultasiýalaryny geçiripdi, şonda ABŞ delegasiýasy rus agressiýasyny ýazgarmagyň we ukrain halky bilen raýdaşlygy mälim etmegiň möhümdigini nygtapdy. Ondan öň, 28-nji fewralda ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyk geçiripdi, emma Türkmenistan şol duşuşyga gatnaşmandy.

Şonda Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Pannier Türkmenistanyň Ukrainadaky ýagdaý barada dymmagyny Russiýanyň edýän basyşy bilen düşündiripdi: “Bilşimiz ýaly, daşary işler ministri Raşid Meredow ýaňy-bakynda Moskwa sapar etdi.

Meniň pikirimçe, Türkmenistan bu babatda Russiýanyň basyşlaryny duýýar, we şonuň üçin hem ol Russiýanyň Ukrainadaky syýasaty tankyt ediljek duşuşyga tarap hökmünde gatnaşmak islemedi.Olar ýygnaga gatnaşmazlyk arkaly meseläniň tutuşlygyna öňüni aldylar. Şeýlelik bilen olar hiç bir syýasaty asla goldamaly bolmady”.

Ýatlatsa, Orsýetiň Ukraina çozmagynyň öňýany, 22-nji fewralda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow rus tarapynyň çakylygy boýunça Moskwa barypdy we beýleki meseleler bilen birlikde sebit howpsuzlygyny ara alnyp maslahatlaşdy. Şonda Moskwadaky duşuşyklarda geljek üç ýylda iki ýurduň arasynda howpsuzlyk boýunça ýol kartasyny kabul edildi.

Galyberse-de, Türkmenistan 20-21-nji iýulda Çolpon-Atada Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň ýygnagynda hem çetde durmak pozisiýasyny görkezdi.Prezidentleriň Russiýanyň Ukraina çozmagy sebäpli dörän aýratyn geosyýasy ýagdaýyň fonunda geçiren duşuşygynyň netijesinde, 21-nji asyrda Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin Dostluk, oňat goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasy kabul edildi.

Türkmenistan oňa gol çekmedi. Şol bir wagtyň özünde prezident Serdar Berdimuhamedow sebitde howpsuzlygy üpjün etmek üçin Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

"Rus halky biziň uly doganymyz": SSSR respublikalarynyň gimnleri rus halkyny nädip wasp etdi; ony kolonizasiýa hasaplap bolarmy
Prezident Berdimuhamedow Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Zelenskiýni heniz gutlamady
"Azatlygyň" habaryndan soň, Berdimuhamedow Ukrainanyň saýlanan prezidentini gutlamaga howlukdy
Russiýa basyp alnan Krymdan goşunlaryny yza çekip başlaýar
Ukrainada galan türkmenler özara raýdaşlyk görkezip, uruşdan gaçmaga çalyşýar
Ukrain we rus daşary işler ministrleri hüjümiň başyndan bäri ilkinji duşuşyk geçirdiler