“Ukrainanyň Guran Uzak Aralykly Hüjüm Synanşygyna Degişli Gaýtawuly Görkezeris”

“Ukrainanyň Guran Uzak Aralykly Hüjüm Synanşygyna Degişli Gaýtawuly Görkezeris”

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň rus topraklaryna Günbatar ýurtlarynda öndürlen uzak aralykly raketalar bilen guran hüjüm synanşygyna degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ukrainadan, Brýansk sebitindäki rus harby merkezlerine raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralmaga synanşylandygy nygtaldy.

Amerikada öndürlen 6 ATAJMS raketasynyň, Britaniýada öndürlen Storm Shadow raketasy bilen 31 sany uçarmansyz howa ulagynyň rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygy bellenildi.

ABŞ bilen Britaniýanyň geçen ýyl Ukraina, rus topraklaryna garşy uzak aralykly ýaraglar bilen hüjüm guramagyna rugsat berendigi nygtalypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Kiýewe guran hüjümleriniň netijesinde azyndan dokuz adam ýogaldy
Russiýa Ukrainada 3 porta hüjüm gurandygyny habar berdi
Zelenskiý rus hüjümleri sebäpli 4 adamyň ýogalandygyny habar berdi
Ukraina degişli dronlar Sankt-Peterburgyň golaýyndaky ammary nyşana aldy
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde 7 adam ýogaldy
Ukrainanyň Russiýa guran hüjümlerinde 2 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy
Russiýanyň Kiýewe guran howa hüjüminde 9 adam ýogaldy