Ukrainanyň NATO Agzalygy Onuň Howpsuzlygyny Güýçlendirmez

Ukrainanyň NATO Agzalygy Onuň Howpsuzlygyny Güýçlendirmez

Putin döwlet döwlet teleýaýlymy “Rossiýa 24-e” beren beýanatynda, Ukraina berilen uzak aralykly raketalaryň özlerine zyýan ýetirýändigini, emma çaknyşyk sebitinde düýpli özgerlişik etmändiklerini nygtap; “Ol daşary ýurt tanklary we pyýada harby ulaglar üçin hem şeýle. Düýn agşama çenli 4-nji iýuldan bäri 311 tanky hatardan çykardyk we olaryň esasy bölegi, azyndan üçden biri Leopard tanklary ýaly günbataryň önümi” diýdi.

Putin täze ýaraglaryň getirilmeginiň Ukraina üçin ýagdaýy diňe agyrlaşdyrjakdygyny we çaknyşyklary möwjetjekdigini nygtady.

Ukrainanyň NATO agza bolmagynyň Russiýanyň howpsuzlygyna wehim saljakdygyny nygtan Putin; “Onuň Ukrainanyň howpsuzlygyny güýçlendirmejekdigine we umuman dünýäni has goragsyz ýagdaýa getirjekdigine hem-de halkara aranada artykmaç dartgynlyga sebap boljakdygyna doly ynanýaryn” diýdi.

Putin Ukrainanyň öz howpsuzlygyny üpjün etme hukugynyň bardygyny beýan edip; “Ýeke-täk çäklendirme bar. Döwletler öz howpsuzlygyny üpjün edýärkäler başga ýurtlaryň howpsuzlygyna wehim salmaly däl” diýdi.

Ukraina gallasynyň eksportunyň amala aşyrylmağy üçin kabul edilen ylalaşykdaky şertleriň iş ýüzüne geçirilmeýändigine ünsi çeken Putin; “Eger-de taraplaryň ählisi bize berilen ähli sözleriň iş ýüzüne geçiriljekdigini aýdýan bolsa, goý olar şol wadalaryndan tapylsynlar. Biz hem ylalaşygy dessine goşularys. İlki möhleti uzaltmak, soň wadalary iş ýüzüne geçirme alternatiwi indi Russiýa üçin amatly däl” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”
NATO Agza Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleri Belgiýada Jemlenişdi
“Ukrainanıň NATO Agza Bolmagına Rugsat Bermeris”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Belgiýada Jemlenşer
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Ýaşaýjylar Aşgabadyň II Jahan urşy baradaky 'pozisiýasyny' sorag astyna alýarlar