“Ukrainanyň Özygtyýarlylygyna Äsgermezçilik Edilýän Başlangyçlara Geçirimlilik Etmeris”

Prezident R. T. Erdogan “Ukrainanyň özygtyýarlygyna äsgermezçilik edilýän başlangyçlara geçirimlilik etmeris” diýdi.

Erdogan, Antalýa Diplomatiýa forumynda çykyş etdi.

Türkiýäniň hem Ortaýerdeňizinde hem-de Garadeňizde ýerleşýändigini aýdan Prezident Erdogan “Ukraina we Russiýa Garadeňiz goňşularymyz we dostumuz. Goňşularymyzyň arasyndaky dartgynlygyň çaknyşyga öwrülmegi bizi çuňňur gynandyrdy. Dartgynlygyň möwjemegi we çaknyşyga öwrülmegi bizi biynjalyk etdi we aladalandyrdy. Goňşymyz bolan her bir ýurduň özygtyýarlylygyna äsgermezçilik edilýän başlangyçlara asla geçirimlilik etmeris” diýdi.

Krymyzyň anneksiýasynyň başda durmagynda Ukrainanyň territorial bitewiligine äsgermezçilik edilýän başlangyçlary Türkiýe hökmünde kabul etmändiklerini nygtan Erdogan “Krym meselesindäki tutumymyzy 2014-nji ýyldan bäri her pursatda beýan etdim we edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan “Russiýaly we Ukrainaly dostlarymyz bilen geçiren ähli gepleşiklerimizde bu meseläni gün tertibine getirdik. Eger 2014-nji ýylda Krymyň basylyp alynmagyna günbatarly ýurtlar ýeterlik garşy duran bolsady şu günki wakalar başdan geçirilmän bilerdi.

Gynansakda bu adalatsyzlygyň ortadan aýrylmagy meselesinde halkara jemgyýetçiligi ýeterlik tagalla etmedi we ýeterlik goldawy bermedi. Ukrainanyň halky mamladygyna garamazdan ýalňyz galdy. Inha şol sebäpli hem wagtynda diplomatiýa arkaly çözülip bilinjek kynçylyklar sebäpli uly ýitginiň çekilýändigini görýäris. Öýlerini terk eden asuda ilata, gorkýan çagalara, haraba öwrülen şäherlere, ýogalan asuda ilata uly gynanç bildirýäris”diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda mundan başgada dünýädäki durnuksyzlyk we çaknyşyklar sebäpli millionlarça adamyň öýlerini terk etmeli bolandygyny nygtap, “Açlyk her ýyl dünýäde täze görnüş koronawirusdan has köp adam pidasynyň çekilmegine sebäp bolýar. Ýerýüzünde her 10 sekuntda bir adam açlyk we suw ýetmezçiligi sebäpli ýogalýar. Durnuksyzlyk we çaknyşyklar sebäpli millionlarça adam öýlerini, ýurtlaryny terk edýär” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň möhledini uzatdy
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi
Biziň halkara üstünligimiz
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)
Durnukly we Iş Ýüzüne Geçirilme Aýratynlygy Bolan Parahatçylyk Üçin Tagalla Edildi
Prezident R.T.Erdogan Ukraina-Günorta-gündogar Ýewropa Sammitine Ýüzlenme Ugratdy