Ukrainanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy

Ukrainanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy

Prezident R. T. Erdogan düýn resmi sapar bilen Türkiýä gelen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

Erdogan bilen Zelenskiý Stambulda bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan, Ukraina söweşi meselesinde Russiýanyň hem gatnaşmagynda geçiriljek parahatçylyk sammitine ýer eýeçiligini etmäge taýardyklaryny belledi.

Gara deňiz galla geçelgesi hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan, täze ylalaşygyň gazanylmagy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardyklaryny nygtady.

Prezident Erdogan, “Başyndan bäri söweşiň gepleşik arkaly çözülmegi üçin elimizden geleni etdik we edýäris.Biz Russiýanyň hem gatnaşmagynda geçiriljek parahatçylyk sammitine ýer eýeçiligini etmäge taýar.Zelenskiý bilen galla geçelgesi we Gara deňiziň durnuklylygy bilen arabaglanşykly meseleler hakynda hem pikir alyşdyk.

Gara deňiz galla geçelgesi arkaly 33 million tonna golaý galanyň dünýä ýurtlaryna ýetirilmegini üpjün etdik we halkara azyk krizisiniň öňü alyndy.Biz taraplaryň arasynda täze ylalaşygyň gazanylmagy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýar” diýdi.

Prezident Erdogan, “Dowam edýän söweşe garamazdan özara söwda mukdarymyz durnukly ýagdaýda ösýär. Söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmegi üçin uly tagalla edilýär. Erkin söwda şertnamasynyň gysga wagtda güýje girmegi gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalanmagyna itergi berer. Ukrainanyň gaýtadan dikeldiş işlerine hem güýçli goldaw bermäge dowam ederis” diýip belledi.

Ukirananyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem Ukrainanyň özygtyýarlygyna, garaşsyzlygyna we bitewiligine berýän goldawlary üçin Prezident Erdogana we türk halkyna sagbolsun aýdýandyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Türkiyäniň Prezidenti Pakistanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy
Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Polşada Zelenskiýniň Janyna Kast Etmäge Goldaw Berendigi Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi