Ukrainanyň wekilleri parahatçylyk gepleşikleri üçin Ženewa gidýär

Ukrainanyň wekilleri parahatçylyk gepleşikleri üçin Ženewa gidýär

Ukrainanyň wekilleri fewral aýynyň 17-18-i aralygynda ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde Russiýa bilen geçiriljek parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryna gatnaşmak üçin Ženewa gitdi.

Ukrainanyň Prezident diwanynyň iş dolandyryjysy Kyrylo Bugdanow duşenbe güni Telegramdan beren habarnamasynda “Gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşmak üçin Ženewa gidýäris. Gepleşikleriň Ukrainanyň bähbidine laýyklykda netijelenmegi üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Russiýa bilen Ukraina şu ýyl ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde ilkinji gepleşigini ýanwar aýynyň 23-24-i aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçiripdi.

Gepleşiklerde Russiýanyň wekiliýetine, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Milli razwetka gullugynyň başlygy İgor Koskýukow ýolbaşçylyk edipdi.

Gepleşikleriň ikinji tapgyry hem fewral aýynyň 4-5-i aralygynda Abu-Dabide geçirlipdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, geçen hepde beren beýannamasynda gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň Russiýa-ABŞ-Ukraina gepleşiginiň fewral aýynyň 17-18-i aralygynda Ženewada geçiriljekdigini mälim edipdi

Ýene degişli makalalar

Kreml: ABŞ, Ukraina we Russiýa BAE-de duşuşyk geçirerler
Witkoff: "Ukrainadaky uruş bilen baglanyşykly gepleşiklerde uly öňegidişlikler gazanyldy" diýdi
Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul eder
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
Putin: Ukrainadaky urşuň öň liniýasyndaky başlangyç rus güýçlerindedir
Russiýa Türkiýäniň Ukraina düşnüşmezliginiň çözülmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirýär