Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hem halkymyzyň her bir güni toýdur-dabaralara beslenýär.

Ine, ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Konsertiň başynda zehinli talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Bagtyň nury atly eseri ýaňlandy. Tomaşaçylar ör turup bu eseri bilelikde ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň dowamynda kafedranyň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Talyplar meşhur türkmen kompozitory B.Hudaýnazarowyň ajaýyp saz eseri Tokkata-ny ýerine ýetirdi.

Soňlugy bilen konsertiň dowamynda Seýran Atanyýazow W.A.Mosart Skripka we fortepiano üçin sonata we P.I.Çaýkowskiý Güýz atly eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar.

Soňra Nursahatow Eziz we Jorakulyýew Hijranyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde kompozitor Ýuriý Wesnýak Karlson eserleri ýaňlandy. Soňra III ýyl talyp Leýli Begiýewanyň çykyş etmeginde Nikolaý Şeýko Pursat, mugallym Baýramgül Muhatowa Fridrih Kulau Wals g-moll eseri bilen çykyş etdi.

Onuň yzysüre zenan türkmen kompozitory Wera Abaýewanyň Güýz şemaly, Jazz Ekspromt, Pursatlaýyn atly eserlerini yzygiderlilikde Ýagmyrow Hüseýin, Nagyýew Rasul, Täçmyradowa Bägül dagylar ýerine ýetirdiler.

Soňra bolsa Batyr Soltanowyň Epgek eseri bilen Ogulnur Sultanowa çykyş etdi we tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Huseýin Bonjugyň döreden Kalbimin tek sahibine atly aýdymyny zehinli talyplar Humaý Kakaýewanyň ýerine ýetirmeginde Eziz Nursahatow we Güljemal Taýlyýewa dagylar sazandarlyk etdiler.

Soňra daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri Nataliýa Baklamowanyň Romans, P.I.Çaýkowskiniň Garyň astynda (Подснежник), G.Swiridowyň Wals, J.Wilýellonyň Elçokolo tango, Ýuriý Wesnýagyň Mylaýymlylyk, D.Şostakowiç Elegiýa, Arno Babajanýan Elegiýa, E.Grig Şahyr ýüregi, K.Karaýew Pikirlenmek, T.Kulyýew Wals, J.Gerşwin Seni söýýän, E.Grig Norweg tansy, Weber Sonatina eserlerini Ýeketarina Iliçýowa, Ogulbagt Annaberdiýewa, Enejan Ataýewa, Nazar Saparow, Sähra Akmämmedowa, Nurana Mämmedowa, Merjen Gulmuhammedowa, Mawlýuda Bahramowa, Aýgül Nurberdiýewa, Mähri Bozaganaowa, Allanazar Bahramow, Öwezaly Amangeldiýew ýaly talyplar, şeýle-de kafedranyň mugallymlary Anna Işanowa, Lola Atajanowa dagylar çykyş etdiler.

Konsertiň jemleýji pursatlarynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözler aýdyldy. Konsert tamamlanandan soňra, kafedranyň çykyş eden mugallymlary we talyplary ýadygärlik surata düşdiler.

Ýene degişli makalalar

Halk saz gurallary
Jokowiç Tel-Awiwdäki turnirde ýeňiş gazandy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garros finaly boýunça Nadalyň bäsdeşi belli boldy
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar