Urwerk manufakturasy kosmos gämi şekilindäki sagadyny tanyşdyrdy

Urwerk manufakturasy kosmos gämi şekilindäki sagadyny tanyşdyrdy

Şweýsariýanyň el sagatlaryny öndürýän Urwerk el iş önümçilik kärhanasy täsin göwrümdäki sagadyny öndürdi. UR-112 Aggregat Odyssey atlandyrylan bu sagat kosmiki gämä çalymdaş bolup, onuň minut we sekunt görkezijileri sagadyň aşaky böleginde ýerleşdirilendir.

Sagadyň daşky formasy poslamaýan metaldan we titan metalyndan döredilendir. Titanly daşky formanyň iki tarapynda ätiýaçlyk indikatoryny we sekunt ölçeýjiniň siferblatyny açmaga ýardam edýän düwmeler ýerleşdirilendir.

Elitethings.com saýtynyň habar bermegine görä, täze sagatda ätiýaçlyk üçin 48 sagatlyk işlemage mümkinçilik berýän ryçag görnüşli UR-13.01 mehanizmi ýerleşdirilipdir. Urwerk UR-112 Aggregat Odyssey atly bu täsin sagatlaryň çäkli sanysy öndürildi. Olaryň iki sanysynyň bahasy 271.500 ABŞ dollaryna barabardyr.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Ýylyň abraýly 100 kompaniýasy
Titanik-den galan ýyldyz
Älemgoşar barada geň-enaýy maglumatlar
Dünýäniň İň Uly Ýahtasy Bodruma Geldi
Titanik täze görnüşde kinoteatrlara dolanyp geler