USAID-iň YDA Taslamasy TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) Türkmenistanda işleýän okuw merkezleri, kadrlar agentlikleri, konsalting kompaniýalary we beýleki kompaniýalary “TechYouth Bootcamp” maksatnamasyny Aşgabatda we welaýatlarda bilelikde amala aşyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga çagyrýar.

USAID-iň YDA Taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we bootcamp formatynda doly çümmek görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we netijeli işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.

Maksatnamanyň birinji tapgyry Aşgabatda 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli üstünlikli amala aşyryldy, ikinji tapgyr bolsa Maryda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan başlap ýerine ýetirilýär. Maksatnamany beýleki welaýatlarda hem amala aşyrmak we Aşgabatda täze tapgyr başlamak meýilleşdirilýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplar şu linkde onlaýn-formany 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 27-de sagat 18.00 çenli doldurmaklygy haýyş edýäris:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdprSaQrNbaU1RDIn314hAIlPt3Eoer9O3RJ7vNCzgS74JuSQ/viewform

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda iş gözlemek üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasy işe girizildi
USAID-iň YDA taslamasynyň TechYouth Bootcamp maksatnamasy Mary welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar
USAID Türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady
USAID Türkmenistanyň Mejlisinde halkara parlament tejribesi boýunça okuw-maslahatyny geçirdi
USAID Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi
USAID Türkmenistanyň hususy pudagyny kämilleşdirmek boýunça TSTB bilen hyzmatdaşlyk edýär