USAID Türkmenistanyň pomidor ýyladyşhanalaryna maslahatlary hödürleýär

USAID Türkmenistanyň pomidor ýyladyşhanalaryna maslahatlary hödürleýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasy Türkmenistanyň pomidor ösdürip ýetişdirmekde we eksport etmekde ýöriteleşen ýyladyşhana toplumlary üçin öňdebaryjy halkara oba hojalygy boýunça maslahat beriş kompaniýalaryndan giňişleýin maslahat almak mümkinçiligini hödürleýär. Bu barada “Orient” internet neşiri penşenbe güni habar berdi.

Bu başlangyç azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna bolan talaplaryň artýan täze bazarlaryna girmegi ýeňilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň ýyladyşhana toplumlarynyň (pomidor ösdürip ýetişdirijileriň) mümkinçiligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

USAID-iň Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasy bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň pomidor ösdürip ýetişdirmekde we eksport etmekde ýöriteleşen ýyladyşhana toplumlaryndan arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär.Bäsleşigiň netijesi boýunça oba hojalygy pudagyndaky iň gowy halkara maslahat beriş kompaniýalarynyň birinden giňişleýin maslahat aljak üç sany ýyladyşhana toplumy saýlanar.

Maslahat beriş okuwlary sekiz aý dowam edip, olaryň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda (oktýabr) başlamagyna we 2024-nji ýylyň aprel (maý) aýyna çenli dowam etmegine garaşylýar.

Şeýle hem maslahat beriş okuwlary sanly ulgam arkaly geçiriler we ýyladyşhana usulynda pomidor önümçiliginiň dürli ugurlaryny öz içine alar. Bularyň arasynda mikroklimat dolandyryş strategiýasyny işläp düzmek, ösümlikleriň iýmitleniş formulalaryny taýýarlamak, suwaryşyň meýilnamalaşdyrylyşy, ösümlikleriň ösüşini sazlaýjylary ulanmak, hünärmenleri taýýarlamak, iş guramasynyň strategiýasy ýaly beýleki möhüm ugurlar bardyr.

Kompaniýalaryň arzalary 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna, sagat 18:00-a çenli görkezilen baglanyşykda onlaýn ýagdaýda kabul edilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri (üç kompaniýadan köp däl) 2023-nji ýylyň 8-nji sentýabryna çenli saýlanar we habar berler.

Ähli soraglar boýunça +99312 46-82-47/49 telefon belgi ýa-da şu elektron salgy tca_exportsupport@dai.com arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar
USAID we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýär
“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
BSGG bilen USAID Türkmenistanda inçekesele garşy göreşiň netijeliligine baha berdi
Transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm orny
Türkmenistanda el iş önümlerini eksport emek boýunça maksatnama işe girizilýär
Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär