Utuşly lotereýa petegi eýesiniň torbasynda bir aýlap ýatdy

Utuşly lotereýa petegi eýesiniň torbasynda bir aýlap ýatdy

ABŞ-da 41 ýaşly Jennifer Horton lotereýa petegini satyn aldy, emma ony unudansoň, bir aýlap torbasynda ýatdy. Görlüp oturylsa, petek 150 müň dollarlyk utuşly eken. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Ýurduň Maunt-Plezant diýen ýerinde ýaşaýan Jennifer petegi ýangyç guýulýan beketde satyn aldy. Lotereýa oýnundan soňra zenan ony unutdy, petek bir aýlap onuň ýanynda göterýän torbasynda ýatdy.

Men ony düýbünden unudan ekenim. Ony dükanda skanirletdim, tizara maňa lotereýa edarasyna gelmek barada habar geldi diýip, zenan gürrüň berdi.

Jennifer Horton öz utuşyny maşgala bolup dynç almaga harçlamakçydygyny habar berdi diýip, UPI neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Jo Baýden Ýaponiýa we Günorta Koreýa sapar gurar
Pentagon: "Russiýa harby jenaýat edýär" diýdi
ABŞ-nyň Prezidenti Polşa döwletine sapar gurar
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherindäki welaýat häkimliginiň binasyna raketaly hüjüm gurady
Russiýa tarapyndan Kiýewde guralan hüjümde ulanylan bombanyň wakum bombasydygy öňe sürüldi