Wagtlaýyn ýola goýlan goşmaça uçar gatnawlary talyplaryň sebitara hereketini az-kem ýeňletdi

Wagtlaýyn ýola goýlan goşmaça uçar gatnawlary talyplaryň sebitara hereketini az-kem ýeňletdi

Azatlyk Radiosy 23-nji ýanwarda ýolagçylar üçin Türkmenabat Aşgabat ugry boýunça uçar biletleriniň tapdyrmaýandygyny habar berenden soňra, “Türkmenistan” awiakompaniýasy bu ugur boýunça 7-8-9-njy fewral günlerinde, üç gün möhlet bilen, goşmaça uçar gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy fewralda habar berdi.

Bilet gytçylygy ýurduň ýokary okuw jaýlarynda gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän wagtynda, talyplaryň sebitara gatnawlarynyň kynlaşan pursatynda bolup geçdi.

“Ýola goýlan goşmaça uçar gatnawlary diňe talyplara niýetlenildi” diýip, bir lebaply ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Goşmaça uçar gatnawlary her gün günortan sagat 12:00-de Türkmenabatdan Aşgabada uçýar.

Ýöne ýörite gatnawlar üçin bilet satyn almakda käbir oňaýsyzlyklar boldy. Biletleriň agramly bölegi, takmynan 80 göterimi onlaýn görnüşde satyldy, 20 göterimi bilet kassalaryna bölünip berildi.

Adatça, biletleriň onlaýn söwdasynda diňe “Türkmenbaşy”, “Garagum”, “Senagat” we “Türkmenistan” banklarynyň kartlaryndan töleg edilmegine rugsat berilýän ekeni, ýöne ýörite gatnawlaryň uçar biletleriniň söwdasynda diňe “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň töleg kartlaryndan peýdalanylmagyna rugsat berildi.

“Tölegleri diňe 'Rysgal' bankynyň kartlary bilen amala aşyryp bolýar. Bu bolsa talyplar üçin goşmaça kynçylyk döretdi, olar “Rysgal” bank kartlaryny tapmakda kösendi” diýip, lebaply ýolagçy gürrüň berdi.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň hyzmatlarynyň agramly bölegi esasan telekeçilere niýetlenendir.

Uçar gatnawlarynyň tertibine görä, Türkmenabat Aşgabat ugry boýunça günüň dowamynda dört gatnaw amala aşyrylýar.

Howa ýollary gatnawlaryna onlaýn biletlerini satyn alyp bilmedik talyplar, ahyrsoňy, demir ýollary arkaly Aşgabada aşmaly boldy. Otly biletleri bolsa, bäş gün öňünde satylyp gutarypdyr.

“Prowodnige 200 manat töläp, ýolagçy otlusyna münmegi başaran talyplar boldy. 9-njy fewrala çenli ýokary okuw jaýyna baryp, hökman bellik goýdurmaly ekeni” diýip, lebaply ýolagçy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda hususan-da baýramçylyk gabatlarynda we möhüm senelerde sebitara gatnawlar bilen bagly ýüze çykýan problemalar barada yzly-yzyna habar berdi.

Täze ýyl baýramçylygynda, Garaşsyzlyk baýramynda we ýokary okuw jaýlarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde sebitara otly we uçar gatnawlarynyň ýetmezçiligi ýüze çykdy. Azatlyk bu problemalar barada 27-nji sentýabrda, 15-nji noýabrda, 2-nji ýanwarda we 23-nji ýanwarda habar berdi. Degişli döwürlerde uçar biletleriniň ýetmezçiligi we biletleriň döwlet bahasynyň üstüne para soralmagy ýaly hadysalar bolup geçdi.

Şeýle problemalar ýurduň transport ulgamynda gaýtalanyp durýar. Iri baýramçylyklarda köplenç Aşgabat bilen sebitleriň arasynda transport kynçylyklary ýüze çyksa, tomusky dynç alyş möwsüminde Awaza bilen sebitleriň arasynda şeýle problemalar hasaba alynýar.

Türkmenabat Aşgabat aralygynda wagtlaýyn ýola goýlan goşmaça uçar gatnawy paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplaryň sebitara hereketine goşant goşan hem bolsa, beýleki welaýatlarda, şol sanda Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Oba hojalyk institutynda bilim alýan lebaply talyplaryň sebitara hereketi kyn boldy.

“Oba hojalyk institutynda bilim alýan lebaply talyp köp. Olar ilki Aşgabada soňra bolsa, Daşoguza gitmeli bolýarlar” diýip, lebaply ýaşaýjylar aýdýarlar.

Daşoguz bilen Türkmenabat aralygynda kadaly gara ýoly, ýa-da otly gatnawy ýok. Sowet döwründe işe girizilen demir ýol ulgamy Özbegistanyň Horezm welaýatynyň üstünden geçip, Daşoguz bilen Lebap welaýatyny birikdirýärdi. Ýöne bu ugur 2000-nji ýyllardan soňra bes edildi.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda täzelen uçuş rejesine görä, Aşgabat Türkmenabat Aşgabat ugurlary boýunça gündelik dört gatnaw amala aşyrylýar. Ýöne Türkmenabat Daşoguz Türkmenabat aralygynda uçar gatnawlary ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Wagtlaýyn ýola goýlan goşmaça uçar gatnawlary talyplaryň sebitara hereketini az-kem ýeňletdi
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Lebapda uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşýär
Awazada dynç alan müňlerçe adam öz welaýatlaryna dolanyp bilmeýär
Goşa raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylar ýurtdan çykmakda kynçylyga duçar bolýarlar
"Sanawlar, para we garaşmak". Türkmenler öz watanyna dolanyp bilmeýärler