Wagtyň ölçegi

“Wagt nagtdyr”.Bu jümle ýöne ýere aýdylmandyr.Biziň üçin iň gymmatly zatlaryň biri hem wagtdyr. Şol sebäpli wagt asyrlarboýy pelsepäniň, matematikanyň we bilimiň gyzyklanýan ugurlarynyň biri bolupdyr.

Wagty ölçemek üçin irki döwürlerde Gün sagatlary, suw hem-de çäge sagatlary döredilipdir.Häzirki wagtda has kämil gurallar arkaly wagty ölçeýärler. Şeýle hem ýylyň möwsümlerini tapawutlandyrmak üçin ýyldyzlara we beýleki astronomik hem-de tebigy hadysalardan ugur alnypdyr.

Eýsem, gije-gündiziň dowamyndaky wagt bölekleri nähili atlandyryldyka?!Geliň, olaryň käbirini öwreneliň!Daň: Gün dogmazyndan öň howanyň ýagtylyp başlaýan çagy.Aladaňdan: çala daň atyp başlan wagty, daň agaryp ugran mahaly, gara daňdan.Daňdan: jahanyň ýagtylyp başlaýan wagty, daň bilen.Säher: ir ertir, ir bilen, daňdan, gün dogmazynyň öň ýany.Salkyn: ertirden günorta ýa-da öýleden gün ýaşýança wagt aralygy, günüň birinji ýarymy ýa-da ikinji ýarymy.Guşluk: Günüň ýokarrak saýlanyp başlan wagtlary.Günortan: Günüň orta bolýan wagty.Günuzyn: bütin bir günüň dowamynda, ertirden tä agşama çenli, uzynly gün.Günübirin: edil şol günüň özünde, bir günde, arasyna gün salman, çalt, derrew, salymyny bermän.Öýlän: günortanyň soň ýanyndaky wagt, günüň ikinji ýarymyndan giç öýlä çenli wagt, öýle çagy.Gijöýlän: öýleden soňky wagt, ir ikindiniň öň ýanyndaky wagt.Ikindi: Gün ýaşmazynyň öň ýany.Giçlik: ikindi bilen agşamyň aralygyndaky wagt, agşamara.Agşamara: Günüň ýaşýan wagty, iňrik garalan wagty, garaňky gatlyşan wagty; giçlik, agşamlyk.Agşam: Gün ýaşyp, garaňky gatlyşan wagty.Ilkagşam: ýaňy agşam düşen wagty, garaňky gatlyşan wagty.Gijagşam: garaňky gatlyşandan garaňky düşýänçä çenli wagt aralygy.Ýassy: agşamdan ep-esli wagt geçenden soňky wagt.Ýarygije: gije sagat 12:00 wagty.

Gije-gündiziň çalyşýan wagty.

Ýene degişli makalalar

Aşgazan-içege ýokançlaryndan goranmagyň ýollary…
Ylmyusuly maslahat
Gymmaty egsilmejek kitap
Belentden ýaňlanan owazlar
TÜRKMENISTAN ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR
Taryhdan söz açýan medeni gymmatlyklar