Wan welaýatynda Eren Gabaw-35 operasiýasy başladyldy

Wan welaýatynda Eren Gabaw-35 operasiýasy başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurduň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy kesgitlenilýän terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Wan welaýatynda "Eren Gabaw-35 Şehit Žandarma Starşina Uly seržant Joşkun Tanryöwer" atly operasiýanyň başladylandygyny habar berdi.

Operasiýa Wan welaýat Žandarma serkerdeliginiň Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparyndan we Žandarmanyň Komandos toparyndan ybarat jemi 622 harby gullukçynyň we 56 adamdan ybarat operatiw toparyň gatnaşýandygy mälim edildi.

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, ýurduň içinde terroryň dolulygyna ortadan aýyrlmagy üçin geçirilýän Eren Gabaw operasiýalarynyň, halkyň goldawy bilen erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdirilýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora Uly Zarba Urulýar
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy