2026-njy ýylyň 1718-nji iýulynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan Waşington şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Çäreleriň esasy bölegi Türkmenistan ABŞ hyzmatdaşlygy: Garaşsyzlygy, dostlugy we umumy geljegi dabaralandyrmak atly tegelek stoly boldy.Onuň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy, ykdysady, bilim, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Esen Aýdogdyýew hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, şeýle hem iki ýurduň halkara we köptaraplaýyn meýdançalardaky hyzmatdaşlygy barada çykyş etdiler.
Amerika tarapyndan tegelek stolda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mark Kemeron hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki Ilçisi Metýu Klimow çykyş etdiler.
Olar Türkmenistan ABŞ gatnaşyklarynyň häzirki ösüş depginine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, diplomatik jemgyýetçiligiň, akademiki we seljeriş edaralarynyň, işewür toparlaryň we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda türkmen milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli lybaslar, kitaplar we beýleki işler görkezilen sergi hem guraldy.
Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde dostlukly küşt ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň ýeňijileri medallar, şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. 18-nji iýulda geçirilýän çäreleriň tapgyry dostlukly futbol duşuşygy bilen tamamlandy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
