Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi atly işewürlik maslahaty geçirildi.Oňa Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli John Deere, General Electric, SpaceX, Oppenheimer Holdings Inc. ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu waka netijeli dialog we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar.Ekspozisiýa milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we senagatlaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
Amerikan tarapynyň wekilleri Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk, dokma we gön önümlerine, Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasynyň saglygy goraýyş maksatly önümlerine ýokary baha berdiler.Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi.
Türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny ussatlyk bilen tanyşdyrdylar.
Soňra işewürlik maslahaty öz işine başlady. Türkmenistan — ABŞ işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart maslahaty açyp, iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde geňeşiň möhüm ornuny belledi we bu platformany has işjeň ulanmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyşynda döwletimiziň hemmetaraplaýyn berýän goldawy netijesinde ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, amerikan kompaniýalary üçin türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynda açylýan ägirt uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy.
ABŞ-nyň ugurdaş edarasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, amerikan işewürleriniň okgunly ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belläp, olaryň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy ýurdumyzda hereket edýän bank-maliýe mehanizmleri hem-de gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdyrdy. Nygtalyşy ýaly, döwlet syýasatynda bank ulgamynyň işjeňligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet berilýär.
[…]
Türkmengaz döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin mümkinçilikleri, şol sanda sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýaşyl energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdyrdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat bolup durýandygy aýdyldy.
[…]
Ýangyç-energetika toplumy bilen baglylykda, taraplar degişli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, ekologik taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegi boýunça ählumumy gün tertibine laýyk gelýän gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
[…]
Gurluşyk ugruna ýöriteleşen türkmen hususy kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyran iri infrastruktura taslamalary, önümçilik desgalaryny, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak boýunça mümkinçilikleri hem-de gazanan tejribeleri barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler türkmen tarapynyň enjamlaryň üpjünçiligi, ýaşyl gurluşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlarda amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler.
Gaýtadan işleýän senagat ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri-de üns merkezinde boldy.Hususan-da, türkmen telekeçileri halkara standartlara laýyk gelýän, ýokary hilli azyk we dokma önümlerini öndürmek, olaryň eksportyny artdyrmak, täze bazarlara çykarmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge, bu ugurda özara tejribe alyşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. […]
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri ABŞ-ly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.
[…]
Çeşme: TDH