Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halyçylyk sungatyna berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň medeni mirasynyň iň gymmatly hazynasy bolan bu sungat kämillik derejesine çykarylyp, ösdürilýär.Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar.El hünäri il gezer diýlişi ýaly, asyrlar-dan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär.
Türkmeniň haly sungatynda şanly geçmişimiz, şu günümiz hem geljegimiz wasp edilýär.Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar.Türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşyp, göllerinde, nagyşlarynda ýagty reňkler ulanylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar.
Halyçylyk sungatynyň döremegine we kämilleşmegine ýardam beren esasy şertleriň birnäçesiniň keremli topragymyzda jemlenendigini bellemek buýsançlydyr.Halyda türkmeniň kalby bar.Bu inçe sungatyň dünýä halklarynyň kalbynyň töründe orun almagyň syry hem şundadyr.
Gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan türkmen halysy hem çeper elleriň astynda ösüpdir, özgeripdir we kämilleşipdir. Ýurdumyzda çeper halyçylyk kärhanalary köpelip, dokmaçy gelin-gyzlarymyzyň sany gün-günden artýar.Türkmen zenanynyň ezber ussa meňzedilmeginiň hem halylaryň nepis dokalyşy bilen baglydygyna göz ýetirmek kyn däl. Çünki haly dokamak sungaty iňňe bilen guýy gazan ýaly ussatlygy, ezberligi talap edýän el hünäridir.
Zenanlaryň mähri, yhlasy, söýgüsi siňdirilip dokalýan halylar öýleriň, baýramçylyk dabaralarynyň bezegidir.Haly türkmen halkynyň ykbalyna badaşan mukaddes sungatdyr.Haly türkmen halkynyň durmuşyna, ýaşaýşyna çalymdaş bolup, türkmen öýüniň törüniň bezegidir, bedew atlarynyňdyr kejebeli düýeleriniň zynatydyr.
Türkmen halysy - türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir.Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar.Haly sungatyna hem-de ol gudraty döreden halyçy ene-mamalarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyz elmydama türkmen halylaryny öwrenmek, milli mirasymyz hökmünde gorap saklamak, gadymy hem müdimi senedimizi ýaşlara miras goýmak barada yzygiderli nygtaýar.
Gahryman Arkadagymyz Paýhas çeşmesi“ atly eserinde Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr“ diýip belleýär.Türkmen halkynyň durmuşyny halysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl.
Türkmen halkynyň kalbyny ýyladýan halylar biziň döwletli ojaklarymyzy, köşk-eýwanlarymyzy bezeýär.Bu gün türkmen halylarynyň şöhraty dünýä doldy.Ol halylar indi dünýäniň islendik ýurdunda tanalýar.Dünýäde deňsiz taýsyz sungat eseri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan türkmen halysy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bolsa, onuň halkara derejedäki hormatyny we sylagyny ýene-de bir gezek bütindünýä aýan etdi.
Türkmen haly sungatynyň dünýä meşhurlygyny gazanmakda giň mümkinçilikleri döreden, gadymy hem müdimi senedimiz bolan ajaýyp halylarymyza goýýan belent sarpasy üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.Her bir işde nusga bolup, halkymyzy şeýle eşretli günlere getiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Nowça BABANYÝAZOWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni
